08.01.2021 | Ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylary takyk dersler boýunça halkara ders bäsleşigine gatnaşdylar

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň topary 7-nji ýanwarda Gazagystan Respublikasynda uzak aralykdan fizika, matematika we informatika dersleri boýunça badalga alan Halkara ders bäsleşigine gatnaşýar.

Onda dünýäniň 21 döwletinden, şol sanda Ermenistandan, Awstriýadan, Belarusdan, Daniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Rumyniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Serbiýadan, Täjigistandan, Ukrainadan, Özbegistandan, Gazagystandan we beýlekilerden zehinli ýaşlaryň 1006-sy öz ukyp-başarnyklaryny görkezerler.

Türkmenistanyň toparyna Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli we takyk derslerde çuňňur düşünjeler bilen tapawutlanýan ýokary synp okuwçylarynyň 10-sy wekilçilik edýär.

Biziň toparymyzyň agzalarynyň belleýşi ýaly, müňlerçe bäsdeşler bilen bilelikde halkara ders bäsleşigine gatnaşmak öz başarnygyňy has aýdyň ýüze çykarmaga, halkara derejesinde özüňi hem-de ukyplaryňy mynasyp görkezmek üçin ähli yhlasyňy gaýgyrman işlemäge, iň gowulardan gowusy bolmaga we elbetde, öz Watanyň üçin abraýly çykyş etmäge itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ylym-bilim syýasatynyň baş maksady ýaşlaryň öz ukyplaryny we zehinlerini doly derejede ulanyp bilmekleri üçin has oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr.

Ýurdumyzda matematika mekdebiniň däpleriniň kemala gelendigini bellemek gerek. Dürli ugurlar boýunça abraýly ders bäsleşiklerinde türkmen mekdep okuwçylarynyň her bir gazanýan ýeňişleri bilim ulgamynda täzeçil özgertmeleriň aýdyň netijeleriniň birine öwrüldi.

Häzirki akyl-paýhas bäsleşigi iki tapgyrda geçirilýär hem-de abraýly eminler tarapyndan baha berilýär. Bu bolsa oňa gatnaşyjylara mundan beýläk-de ösmek we takyk ylymlara bolan ukyplaryny artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik berýär.

Ders bäsleşigi 12-nji ýanwara çenli dowam eder, ol tamamlanandan soň, ýeňijileriň atlary yglan ediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda talyp ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi
Salam, mekdebim!
23.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: bilim we ylym
Mekdep okuwçylary her ýyl geçirilýän ders bäsleşiginiň etrap tapgyrlaryna taýýarlanýarlar
Aýratyn zehinli çagalar döwlet mekdep-internatynyň uly synp okuwçylary Bakuwda geçirilen halkara olimpiadasynda şowly çykyş etdiler
Solmaz Muhammedowa: kynçylyklary ýeňip arzuwyna ýeten
10.05.2017 | Türkmen mekdep okuwçylary Makedoniýada geçirilen matematika Olimpiadasynda bäş medala eýe boldular