08.12.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze binalary

Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Şol dabaralara Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow, welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynda dürli ugurly täze desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň welaýat, etrap merkezlerinde, şäherlerde we obalarda döwrebap düzümi döretmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen topragynyň ähli künjeklerinde dowam edýän giň gerimli gurluşyklar sebitleriň sazlaşykly ösdürilmegine hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam etmelidir. Şu gün ulanmaga berlen Ýigit hojalyk jemgyýetiniň döwrebap ýyladyşhanasy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ol Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde Eziz doganlar hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edildi.Umumy meýdany 20 gektara barabar bolan bu ýerde pomidoryň ýokary hasylly Huanita, Merlis we Tommimaro muço sortlaryny ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Ösümlikleri goşmaça iýmitlendirmek, amatly howa ýagdaýyny döretmek işlerini döwrebap kompýuter ulgamlary bilen üpjün edilýär.

Gyş möwsüminde gün şöhlesiniň deňagramlylygy üçin bu ýerde ýörite lampalar oturdyldy, tozanlandyrma üçin arylar ulanylar, bu bolsa, hasyllylygy, diýmek, ýyladyşhananyň düşewüntliligini artdyrmak nukdaýnazaryndan möhümdir.Bölümleriň ýerleşdirilişi pomidor hasylyny daşamak hem-de gös-göni ýyladyşhananyň girelgesinde ýüklemek işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Ýyladyşhana toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen ýüzlerçe iş orunlary döredildi. Şeýle hem bu ýerde naharhana, saglygy goraýyş bölümi, dynç alyş otaglary we kömekçi desgalar hem göz öňünde tutuldy.

Dabaranyň çäklerinde sungat ussatlarynyň konserti, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileriň, döwrebap tehnikalaryň sergisi guraldy, täze ýyladyşhana barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça Dost gurluşyk, söwda önümçilik hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan gurlan täze binalaryň hatarynda düýn ulanmaga berlen hassahana bar, onuň binasynda hirurgiýa, reanimasiýa, terapiýa, çagalar hem-de maslahat beriş-anyklaýyş bölümleri, rengenologiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, owkalama bölümleri bar.

Täze binanyň dolandyryş bölüminde iki sany maslahatlar zaly ýerleşdirildi. Şeýle hem binalar toplumyna awtoduralga, naharhana we beýleki desgalar göz öňünde tutuldy.Gurluşyk işleriniň barşynda ýokary hilli we ekologiýa häsiýetnamalary bilen tapawutlanýan döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanyldy.

Maddy-enjamlaýyn we tehnologik üpjünçiligiň ýokary derejesi hem-de täze hassahananyň işgärleriniň hünär derejesi näsaglara ýokary hilli hyzmat etmek hem-de hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşini artdyrmak üçin şert döredýär.

Täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Soňky döwürde Kaka etrabynda ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň güýji bilen Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy esasynda durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň durky täzelenildi — çagalar baglary we mekdepler, keselleriň öňüni almak boýunça lukmançylyk toplumy, Saglyk öýi, Perinatal merkezi we beýleki desgalar ulanmaga berildi.

Suw üpjünçilik meselesi çözülýär.BAE-niň Dew Jeneral Trading kompaniýasy hem-de ýerli Galkan hojalyk jemgyýeti tarapyndan 15 kilometrlik Hywabat — Kaka suw geçirijisini gurmagyň taslamasy amala aşyryldy.Ol her gije-gündizde ýerli suw üpjünçilik ulgamyna Laýynsuw çeşmesinden suwuň 14 müň kub metrini akdyrýar.

Suw oba hojalygy, durmuş hajatlary we agyz suwy üçin ulanylýar.Desgany gurmagyň barşynda energiýa serişdelerini tygşytlamaga gönükdirilen ýaşyl tehnologiýalar ulanyldy, olaryň netijeli ulanylmagy tebigaty goramak işini milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaran döwlet Baştutanymyzyň syýasatynda aýratyn orun berilýär.

Baýramçylygyň öň ýanynda ulanmaga berlen täze desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmegiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: oba hojalyk toplumy
17.04.2018 | Täze suw üpjünçilik ulgamy işe girizildi
Täze suw üpjünçilik ulgamy işe girizildi
14.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: Obasenagat toplumy
30.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: oba hojalyk toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze binalary