104 ýaşly gojanyň karary

Kolumbiýaly 104 ýaşly inžener Lýusio Kaýsedo Mançester uniwersitetinde doktorlyk dissertasiýasyny goramagy meýilleşdirýär. Lýusio 1916-njy ýylyň 22-nji maýynda Kali şäherinde dünýä inýär. Ol Kolumbiýa milli uniwersitetiniň dag-magdan bölümini gutarandan soňra Angliýanyň Mançester uniwersitetine girip, magistr derejesini alýar. Lýusio häzir Kolumbiýanyň Medelin şäherinde ýaşaýar. Ol ýakynda 104 ýaşynyň dolandygyny belläp, doktorlyk derejesini almagy ýüregine düwdi.

Men Mançester uniwersitetiniň wekillerine 73 ýyl ozal bilim alandygymy ýatladyp, doktorlyk derejesini almak üçin siziň uniwersitetiňize ýüz tutup bilerinmi? diýip soranymda:

Hawa, jenap, bolar diýip, jogap berdiler. Kaýsedo gidrologiýa (tebigatda suw dolanyşygy) bilen meşgullanýar. Onuň bu mowzuk boýunça ýazan köp sanly makalalary Londonyň inženerçilik jemgyýetiniň neşirinde çap edildi.

Bu gurama 200 ýyldan gowrak wagt bäri işläp, dünýäde 85 müň töweregi agzasy bar diýip, inžener aýtdy. Kolumbiýaly inžener derýa akymynyň güýji we onuň gidroelektrik bekediniň kuwwaty bilen gatnaşygy meseleleri boýunça işleýär.

Haçan-da bu işe doly berlenimde, derýanyň iň ýokary akymyny nädip ulanmalydygyny we elektrik bekediniň kuwwatyny nädip artdyrmalydygyny anykladym diýip, Lýusio aýtdy. Bu mesele, Kaýsedonyň gorajak doktorlyk dissertasiýasynyň özenini düzer.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Akar: "Siriýanyň demirgazygynda 19 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi
Kastamonu Basdyrmasy
3 Günde 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 8 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Soňky 10 günde 40 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Akar: "Edilen her bir ädim Türkiyäniň güýjüni alamatlandyrýar" diýdi