Tennis boýunça möwsümiň jemleýji ýaryşynda russiýaly Daniil Medwedew ýeňiş gazandy.Ol Londonda geçirilen “ATP Finals” ýaryşynyň finalynda awstriýaly Dominik Timden 2:1 üstün çykdy. 1-nji setde 6:4 öňe saýlanan Tim 2-nji setde 7:6 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Çekeleşikli geçen final setinde 6:4 üstün çykan Medwedew kubogy eýelemegi başardy. Şunlukda, ol ilkinji gezek möwsümiň jemleýji ýaryşynda ýeňiş gazandy.
Bu onuň karýerasyndaky 9-njy çempionlygydyr.Ol şol bir wagtyň özünde ol 2009-njy ýyldan bäri, Nikolaý Dawydenkodan soň bu ýaryşda çempionlyk gazanan ilkinji russiýaly tennisçi boldy.
The post 11 ýyldan soň çempion bolan ilkinji russiýaly tennisçi appeared first on Zaman Türkmenistan.