16.10.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Sapardurdyýewiç Arabowy “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda çykaran 1-nji Karary tassyklanyldy.

Garaşsyz ýurdumyzda himiýa ylmy we tehnologiýalary boýunça ylmy barlaglary ýerine ýetirmek, şol esasda täze önümçilikleri döretmek, bu ugurda döwletimiziň innowasion syýasatyny durmuşa geçirmek, bäsleşige ukyply maddy we energiýa serişdelerini tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary işläp taýýarlamak, ýaşlary ylmy-tehnologik, taslama-konstruktorçylyk işlerine giňden çekmek, ylmy barlaglaryň hem tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankyna täze ýolbaşçy bellenildi
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Daşkentde iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer
Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä belledi we boşatdy
Türkmenistanly karateçiler Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler
Türkmen türgenleri Berlinde 13 medal gazandy
Aşgabatda Türkiýäniň wiza merkezi açyldy, Turkish Airlines oktýabrda ýene 14 ýolagçy uçuşyny amala aşyrar, Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýük ulaglaryndan alynýan ýol ýygymlarynyň möçberleri üýtgediler
Täze film halk köpçüligine görkezildi