20.01.2021 | Welaýatlary toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen iş tejribesi alşyldy

Şu gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem beýleki käbir ýolbaşçylar Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, dürli ugurlarda iş tejribesi bilen tanyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, düýn geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleriň işini guramakda oňyn tejribäni öwrenmegiň we ulanmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaçylara görkezmeleri berdi.

Welaýatlaryň häkimleri, medeniýet ministri, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň rektory paýtagtymyzda, soňra Mary welaýatynyň häkimliginde milli Liderimiziň öňde goýan degişli wezipelerini toplumlaýyn ýerine ýetirmek boýunça işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Iş saparyna gatnaşyjylar Maryda “Türkmeniň ak öýi” binasyna baryp gördüler. Onuň binagärlik keşbinde gadymy türkmen öýüni dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy, şeýle hem döwrebap dizaýnerçilik çözgütleri ulanyldy.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlagyçlary bilen “Türkmeniň ak öýi” binasy beýleki welaýatlarda-da gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, Maryda bu ajaýyp desgany guran binagärler we telekeçiler şeýle desgalaryň gurluşygyny alyp barýan kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar.

Olar binany gurmagyň aýratynlyklary, gurluşykda zerur bolan serişdelerdir enjamlar, gurnalan abzallardyr tehnikalar, gurluşykda ulanylan ölçeg kadalary we beýlekiler barada gürrüň berdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, binalaryň daşky we içki bezeg işleriniň her welaýatyň aýratynlyklaryna laýyk gelmegine aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, binanyň daş keşbinde, esasan, milli özboluşlylyk aýdyň ýüze çykýar, bu bolsa halkymyzyň taryhynyň belli bir döwrüniň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we desgalaryň bellenilen möhletlerde gurlup, ulanylmaga berilmegi barada bellenildi.

Soňra ýyladyşhana hojalyklarynyň işini guramagyň oňyn tejribesini öwrenmek maksady bilen, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň pomidor ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanasynyň işi bilen tanyşlyk guraldy. Bu ýerde geçirilen söhbetdeşlige ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan telekeçileri hem gatnaşdylar.

Ýyladyşhana hojalygynyň ýolbaşçysy döwletimiz tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek maksady bilen berilýän ýeňillikli karz pul serişdelrinden peýdalanyp, giň möçberli ýyladyşhanany gurandygy, onda döwrebap enjamlaryň gurnalandygy barada gürrüň berdi.

Şunuň bilen baglylykda, telekeçi işlemäge döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sag bolsun we hoşallyk sözlerini aýtdy.

Häzir telekeçiniň ýyladyşhanasynda pomidoryň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Bu ýerde işleýän hünärmenler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny üznüksiz üpjün etmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli we maksatnamalaýyn işler döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmeginiň bir mysaly hökmünde “Erkingurluşyk” hususy kärhanasynyň alyp barýan işlerini görkezmek bolar. Tejribe alyşmak saparynyň dowamynda bu hojalyga hem barlyp görüldi.

Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilen miweli baglardan almanyň bereketli hasyly alynýar. Geçen ýyl hormatly Prezidentimiz bu hojalyga baryp, onuň işine ýokary baha berendigini bellemek gerek.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna amala aşyrylan iş sapary sebitleri ösdürmegiň dürli ugurlarynda işleri guramak boýunça oňyn tejribe alyşmaga ýardam edýän möhüm çärä öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda giň gerimli özgertmelriň başyny başlan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

“Erkin miweçilik” kompaniýasynda her gün 4-5 tonna alma hasyly ýygnalýar
Türkmenistanyň welaýatlarynda täze metjitler açyldy
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Türkmenistanyň sebitlerinde täze metjitler açyldy
6-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Sagçy konserwatorlar ýeňiş gazandy