20 ýyldan taýýar bolar

Ilon Maskyň ýolbaşçylyk edýän “SpaceX” kompaniýasynyň işläp taýýarlan “Hyperloop” atly çendenaşa ýokary tizlikli jemgyýetçilik ulagynyň geljekki 20 ýylyň dowamynda taýýar boljakdygy mälim edildi.Bu täsin ulaga howa we demir ýol ulagynyň birleşdirilmegi diýilse ýalňyş bolmaz.

Häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi netijesinde, bir şäherden başga şähere, hatda beýleki ýurda birnäçe sagadyň dowamynda gidip bolýar.Hünärmenler has ýokary tizlikli gatnaw ýollaryny we olara degişli infrastrukturalary döretmek üçin zähmet çekýärler. “Hyperloop” atly ulag ýokary tizlikli we rahat bolmagy bilen tapawutlanar.

Edinburg uniwersitetinde “Hyperloop” ulagyny işläp taýýarlaýan HYP-ED atly tehniki toparyň ýolbaşçysy Daniýel Karbonell bu taslamany durmuşa geçirmek üçin tagalla edýändiklerini aýdýar.Angliýada “SpaceX”-iň geçiren halkara bäsleşigi üçin üç sany nusgalyk taslama taýýarlapdyrlar.

Karbonell taýýarlan taslamasynyň çäklerinde galtaşyksyz magnitli galdyryjy ulgamy hem-de itiji täze tehnologiýalara has köp üns berendiklerini belleýär.Bu ulgamda jemgyýetçilik ulagy daşy tutuşlygyna ýapylan, pes basyşly kapsulanyň içinden ýöreýär.

Karbonell bu ulagyň tizliginiň 1287 km/sagat boljakdygyny aýdýar.Häzire çenli bu ulag gysga aralykda birnäçe gezek dürli synaglardan geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask adam paýhasyndan ozdurjak superintellektiň dörejekdigini aýtdy
Ilon Mask Twitteriň emblemasyny üýtgetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Gazagystanyň obalaryna gönüden-göni kosmosdan internet birikdiriler
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi