2020-nji ýylyň iri awtoulag sergileri

Her ýyl dünýäde köp sanly iri halkara sergiler geçirilýär. Şol sergileriň käbiri awtoulag önümçiligine bagyşlanýar.Awtoulag sergileri awtomobil bazarynyň soňky ýagdaýyny, häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijesinde emele gelen awtoulag önümçiligi barada gysgaça maglumat almaga hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň täze ulaglary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredýär. Şu ýylyň dowamynda geçiriljek dünýäniň iri awtoulag sergileriniň käbiri barada gysgaça maglumat bermegi makul bildik.

Çikago awtosergisi 8-17-nji fewral: ABŞ-nyň Çikago şäherinde guralyp, 1901-nji ýyldan bäri geçirilýär.Demirgazyk Amerikanyň iri sergileriniň biri bolup, şu ýyl 112-nji gezek geçirilýär. Ženewa awtosergisi 5-15-nji mart: dünýäniň iň gadymy we abraýly sergileriniň biri bolup, 1905-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ýewropanyň öňdebaryjy sergileriniň biridir. Demirgazyk Amerika awtosergisi 6-21-nji iýun: ol Detroýt awtosergisi hökmünde hem tanalýar. 31 ýyldan bäri ýanwar aýynda geçirilýän bu sergi 2020-nji ýylda iýun aýyna süýşürildi. Pekin awtosergisi 21-30-njy aprel: dünýäniň iň iri awtoulag bazarynyň iň uly sergisidir.

Bu ýerde ýerli awtoulag öndürijileriň dürli ulag kysymlary bilen tanyşmak bolýar. Ýöne soňky ýyllarda bu sergä gatnaşmaga isleg bildirýän dünýäniň we Ýewropanyň iri kompaniýalarynyň sany hem yzygiderli artýar. Nýu-Ýork awtosergisi 10-19-njy aprel: has köp gatnaşyjy çekýän sergileriň biri bolmak bilen, ABŞ-nyň we dünýä awtoulag bazarynyň täzeliklerini açyp görkezýän gözden geçirişleriň öňdebaryjysydyr. Şu serginiň çäklerinde “Ýylyň awtoulagy” bäsleşiginiň jemleri jemlenýär. Halkara britan awtosergisi 20-23-nji awgust: 12 ýyldan soňra bu halkara awtosergisi täzeden geçirilip başlanýar.

Serginiň has gyzykly we täzeçil bolmagy üçin guraýjylaryň tagalla edýändigi mälim edildi. Moskwa awtosergisi 24-27-nji awgust: 2 ýylda bir gezek geçirilýän bu sergi hem awtoulag muşdaklaryny özüne çekýär. Şu gezek bu sergide “Lada” kysymly ulagyň täze görnüşiniň görkezilmegine garaşylýar. Pariž awtosergisi 1-11-nji oktýabr: Ýewropanyň ýene-de bir iri halkara sergileriniň biri bolup, jübüt ýyllarda Frankfurtdaky sergi bilen gezekleşýär. Los-Anjeles awtosergisi 20-29-njy noýabr: halkara derejesindäki awtoulag sergisiniň iň soňkusy ABŞ-da geçiriler.

Kaliforniýada geçirilýän bu sergi Ýewropanyň iň gymmat ulaglarynyň dünýä jemgyýetçiligine görkezilýän ýerine öwrüldi.

Ata MELEBAÝEW, talyp.

Ýene degişli makalalar

Stambul howa menzili dünýäniň gelim-gidimli howa menzilleriniň hatarynda
Nýu-Ýork: iň köp millionerli şäher
Ýolagçy uçarynda bomba howsalasy başdan geçirildi
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (13-nji bölüm)
Dünýäniň iň köp alakaly şäherleriniň sanawy düzüldi
Türkmenistan hytaýly lokomotiw öndüriji bilen rekord derejede şertnama baglaşdy, Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek işleri boýunça potratçy kesgitlendi, Türkmenistanyň Merkezi banky 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň maglumatlary
14-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal