2022-nji ýylda Gyrgyzystan 1,5 milýard kilowatt elektrik energiýany Türkmenistandan almagy meýilleşdirýär

2022-nji ýylda Gyrgyzystan 1,5 milýard kilowatt elektrik energiýany Türkmenistandan almagy meýilleşdirýär

20-nji maýda Gyrgyz parlamentindäki “Işenim” partiaýasy ýurdyň energiýa pudagy bilen ilteşikli meselelere garady we onda Türkmenistandan elektrik energiýa almak babatda hem gürrüň edildi. Bu barasynda ýurdyň Jokorky Keňeşiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gyrgyzystanyň energiýa we senagat ministiriniň orunbasary Tilek Aýtaliýewiň ýatlatmagyna görä,geçen ýylyň awgustyndan dekabryna çenli ýurt Türkmenistandan 500 kilowatt sagat elektrik energiýa aldy.

Onuň aýdyşyça, 2022-nji ýylda 1,5 milýard kilowatt sagat elektrik energiýa almagy meýilleşdirilýär.

Gyrgyzystana elektrik energiýa akdyrmak barasynda ýurdyň prezidenti Sadyr Japarowyň geçen ýylyň 27-28-nji iýunynda Türkmenistana eden resmi saparynda ylalaşylypdy. Şertnama awgustyň başlarynda gol goýlupdy.

Türkmenistan Özbegistana, Eýrana we Owganystana hem elektrik energiýa berýär.The post 2022-nji ýylda Gyrgyzystan 1,5 milýard kilowatt elektrik energiýany Türkmenistandan almagy meýilleşdirýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Erdogan Bilen Japarow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Sankt-Peterburg, Ýewraziýa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Maslahatyna Ýer Eýeçiligini Etdi
Gyrgyzstanyň Mejlisi Ýurduň Baýdagynyň Üýtgedilmegi Hakynda Karar Kabul Etdi
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
Türki  Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Ýewraziýa döwletlerinde başdan geçirlen soňky wakalar