21.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahatlar görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň üçünji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Oňa BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan ýolbaşçylygyndaky topary gatnaşdy.

Geçen hepdede ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, bu bilelikdäki toparyň türkmen tarapynyň düzümini tassyklandygyny bellemek gerek.

Şu gezekki duşuşykda komitetiň iki tarapdan başlyklary iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini, muňa bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de BAE-niň ýokary ýolbaşçylygynyň arasyndaky gatnaşyklara häsiýetli bolan özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesiniň gönüden-göni täsir edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Mejlisiň barşynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge, maýa goýum ýagdaýyny kämilleşdirmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi.

Iki ýurduň ulag mümkinçiliklerini ulanmaga we ösdürmäge degişli pikir alyşmalar geçirildi. Şonda deňiz, demir ýol we howa ulagmlarynyň, port düzümleriniň kuwwatyny ulanmak arkaly ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ilerletmegiň orny barada aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, “EXPO-2020” Bütindünýä sergisiniň ähmiýeti bellenildi, oňa Türkmenistan işjeň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyga açykdygy aýratyn bellenilip geçildi.

Taraplar “ýaşyl ykdysadyýetiň” wajypdygyny belläp, durnukly energiýanyň ulanylmagy, innowasion tehnologiýalaryň we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynyň bilermenlik başarnyklarynyň ilerledilmegi dogrusynda pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça agentliginiň (IRENA) çäklerinde hyzmatdaşlygy has hem giňeltmäge gyzyklanmasy beýan edildi.

Taraplar medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda “Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna” mowzugy bilen daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşindäki üç günlük okuwlar başlandy.

Bu okuwlara dünýäniň 13 ýurdundan -- Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Awstriýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Günorta Afrika Respublikasyndan, Malaýziýadan, Wengriýadan, Owganystandan, Özbegistandan, Belarusdan, Ermenistandan 30-dan gowrak diplomatlar gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän bu okuwlar oňa gatnaşyjylara döwletiň şu özboluşly hukuk derejesi, onuň daşary syýasatyň durmuşa geçirilmegindäki ähmiýeti hakyndaky bilimleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir.

Diplomatik okuwlarynyň açylyş gününde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory gutlag sözi bilen çykyş etdi hem-de döwletiň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklaryny has hem giňeltmäge ygrarlydygyny belledi.

Bu okuwlaryň ýaş diplomatlara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň gazanylmagy babatynda ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň özboluşlylygy hakynda has köp maglumatlary öwrenmäge itergi berjekdigi nygtaldy.

Okuwlaryň birinji gününde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň halypalary, biziň ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri çykyş edip, bilim alýan ýurdumyzyň ýaş diplomatlara gullugyň esaslary barada gürrüň berdiler.

Çykyş edenler parahatçylygy, özara düşünişmegi hem-de deňhukukly döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulmagyna esaslanýan hemişelik Bitaraplygyň ýörelgelerine laýyklykda durmuşa geçirilýän türkmen diplomatiýasynyň we Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özboluşlylygy barada durup geçdiler.

Onlaýn görnüşde leksiýalary okamak üçin diplomatlar, Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri hem-de ýurduň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary çagyryldy we olar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň gazananlary barada giňişleýin gürrüň bererler.

Okuwlaryň maksatnamasy diýseň mazmuna baýdyr. Onlaýn-görnüşinde geçirilýän okuwlara gatnaşyjylar türkmen diplomatiýasynyň bilermenlerine özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip bilerler. Daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlaryna “Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň taryhy we onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi”, “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy ynsanperwerlik ugry boýunça hyzmatdaşlyk”, “Energetika, ulag we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa diplomatiýasy” hem-de beýleki ugurlar boýunça sapaklar geçiler.

22-nji oktýabrda daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin okuwlar BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde dowam eder we şol ýerde bu merkeziň ýolbaşçylary çykyş ederler.

Şu gün Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginde diplomatlaryň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygyna bagyşlanan iki günlük sport ýaryşlary başlandy. Ýaryşlar sportuň bilýard we uly tennis görnüşleri boýunça geçýär.

Sport çärelerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde adam saglygyna peýdaly täsirini ýetirýän wajyp işler alnyp barylýar. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Ýene degişli makalalar

BAE-niň wise-prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine sport welosipedini sowgat ýollady
Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar
PostShop marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Kazana uçuşlarynyň sanyny azaldar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula her gün gatnar
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidentine Peşewarda bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi, Onlaýn taksi we Duralga ulgamlary birinji ýyllygyny bellediler, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda täze dermanhana açyldy we beýleki habarlar
Türkmenistan Merkezi Aziýada ulag we logistika Hyzmatdaşlygynyň milli utgaşdyryjylarynyň maslahatyna gatnaşdy