27.01.2021 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine

Hormatly Watan goragçylary!

Sizi Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip atlandyrylan ýylyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!Bu baýram Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy we hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakynda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr.

Berkarar döwletimiziň merdana gerçekleri!

Türkmen döwletliliginiň goşa ganaty bolan Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ata Watanymyzy ösüşiň täze belentlikierine alyp barýan uly güýçdür. Şu ýyl Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar.Garaşsyzlyk düşünjesi parahatçylyk hem-de ynanyşmak, abadançylyk, özerklilik düşünjeleri bilen gözbaşy asyrlara uzaýan taryhy kökler arkaly baglanyşýar.

Olaryň mizemez baglanyşygyny göz öňünde tutup hem-de eziz Watanymyzyň at-owazasynyň dünýä dolmagyna, bedew bady bilen gülläp ösmegine, ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taryhy işleriň ähmiýetini, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny äleme ýaýmak,Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyiiyk şanly toýuny dabaralandyrmak, ýurdumyzyň her bir raýatynyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek we ýaş nesli ata Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2021-nji ýyly Türkmenistan -parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýip atlandyrdyk.

Bu şygar parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine eýermäge belent çagyryş bolup, onda halkymyzyň asyrlarboýy kemala getiren döwletlilik, agzybirlik we dost-doganlyk ýaly asylly häsiýetleri özüniň çuňňur beýanyny tapýar.

Merdana Watan goragçylary!

Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip atlandyrylan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanjak ýylynda biz belent sepgitlere ýetip, uly üstünlikleri gazanmalydyrys.Bu üstünlikler Türkmenistan -Bitaraplygyň mekany diýlip yglan edilen ýylda ýetilen sepgitleriň özboluşly dowamy bolar.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramynyň uly ruhubelentlik bilen bellenilen ýylynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça taryhy ähmiýetli işleri durmuşa geçirdik.Halkymyzyň döwleti dolandyrmakdaky köp asyrlyk tejribesine daýanyp, milli parlamentimiziň hil taýdan täze, iki palataly gurluşyny döretdik.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli HaIk hakydasy ýadygärlikler toplumynda dabaraly harby ýöriş geçirdik.Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýokary derejede geçen hem-de halkara jemgyýetçiliginiň giň seslenmesine mynasyp bolan bu dabaraly harby ýöriş halkymyzyň mertlige, edermenlige, gahrymançylyga goýýan sarpasyny alamatlandyrýan möhüm ähmiýetli waka hökmünde döwrümiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyidy.

Siz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişiň hem ýokary derejede guralmagy üçin häzirden ykjam taýýarlyk görmelisiňiz.Dabaraly harby ýörişden buýsançly başlaryňyzy belent tutup, ruhubelentlik we ýokary söweşjeň ruh bilen geçmelisiňiz, milli goşunymyzyň goranyş ukybyny we harby kuwwatyny, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten belent derejesini dünýä jemgyýetçiligine äşgär etmelisiňiz, ynamly gadamlaryňyz bilen merdana ata-babalarymyzyň şu günki nesilleriniň gaýratyny, edermenligini we Watana wepalylygyny görkezmelisiňiz.

Ata Watanymyzyň edermen goragçylary!

Halkara barlaglar merkezi tarapyndan dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýlip ykrar edilen eziz Watanymyzyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän hem-de döwletimiziň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty bilen ugurdaş bolan Harby doktrinamyzyň ýörelgelerini, maksatlaryny gyşarnyksyz berjaý etmek siziň her biriňiz üçin belent borç bolmalydyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny mertlik we wepadarlyk bilen gorap, halkymyzyň ynamyna we hormatyna mynasyp bolmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna uly üstünlikler bilen barmak siziň üçin belent mertebedir.Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy bellenjek Türkmenistan -parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip yglan edilen ýylda siziň öňüňizde möhüm we jogapkärli wezipeler durýar.

Siziň bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdygyňyza, berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişden buýsançly gadamlar bilen geçjekdigiňize, eziz Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly Watan goragçylary!

Sizi Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Oraza baýramy bilen gutlady
Atym bar ganatym bar
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
11-nji noýabrda Ýaşlar atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar
Ata Watanymyzyň goranmak kuwwaty şöhlelendirildi
4-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylary gutlady