29-nji iýunda Aşgabatda Kaspiý sammiti geçiriler. Şol gün öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 65 ýaş toýuny belleýär

29-nji iýunda Aşgabatda Kaspiý sammiti geçiriler. Şol gün öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 65 ýaş toýuny belleýär

29-njy iýunda Aşgabatda VI Kaspiý sammiti geçiriler.

Bu barada 22-nji iýunda RF-niň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa metbugat ýygnakda habar berdi.

Mundan bir gün owal, 28-nji iýunda Russiýanyň DIM Sergeý Lawrow ýokary derejeli sammite taýýarlyk bilen ilteşikli Kaspiýaka döwletleriniň DIM-niň maslahatyna gatnaşar.

“KDDIM-niň Aşgabatdaky maslahatynda Kaspide hyzmatdaşlyga syn etmek we Kaspiýaka bäşliginiň’ prezidentleriniň bosagahttps://www.mid.ru/ru/foreign_policy/news/1818903/#3daky sammitine taýýarlygyň çäginde geljekgi özara gatnaşyklaryň ugurlaryny maslahatlaşmak meýilleşdirilýär” diýip Zaharowa aýtdy.

DIM-leriň ahyrky maslahaty 2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde Kaspiýaka döwletleriniň bäşinji sammitiniň öň ýanynda geçirilipdi we Kaspi deňziniň hukuk durumy barada Konwensiýa gol goýlupdy.

21-nji iýunda Lawrow we Türkmenistanyň DIM-i Raşid Meredow bilen telefon arkaly gepleşik geçirdiler we olar ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem VI Kaspiý sammitine taýýarlyklar barada gürrüň etdiler.The post 29-nji iýunda Aşgabatda Kaspiý sammiti geçiriler. Şol gün öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 65 ýaş toýuny belleýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar
Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Zaharowanyň Uçary Bolgariýanyň Howa Giňişligine Kabul Edilmedi
R.Meredow Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar
Türkmen wekiliýeti Kazanda geçiriljek Owganystan boýunça Moskwa formatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşar
Zaharowa: "ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda barlygy durnuklylyk getirmez" diýdi