15-nji iýulda Daşkentde “C5+1” formatynda Merkezi Aziýanyň DIM-niň we BŞ-laryň delegasiýasynyň duşuşygy boldy. Amerikanyň toparyna prezidentiň içerki howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Elizabet Şerwud Rendal ýolbaşçylyk etdi.
Şonuň ýalyda, BŞ-yň delegasiýasynyň düzüminde Amerikanyň Owganystanda barlyşyk boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad hem bardy.
Türkmenistanyň DIM-gi diňe duşuşyk wagtynda taraplar beýleki meseleler bilen birlikde “owgan temasy” hem maslahat edildi diýip ýatlaýar.
Emma, Gyrgyzystanyň DIM-niň maglumatlaryna görä, Owganystandaky ýagdaýlaryň esasy meselesi koalisiýa güýçleriniň ol ýerden çykarylmagynyň fonunda däldi.
“Gyrgyzystan tarapy Owganystandan abanýan serhetaşa howplara rahatsyzlanýandygyny we konfliktiň kadalaşdyrylmagy üçin kömege taýýardygyny beýan etdi. Onuň esasy ilkinji nobatda, Owganystanyň içindäki dialog” diýip Gyrgyzystanyň DIM-gi ýazýar.The post ABŞ-ry we Merkezi Aziýanyň DIM-ri Owganystandaky ýagdaýlary maslahat etdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.