“Adidas” bir ädim öňde

Dünýä Kubogyna gatnaşýan 32 ýygyndynyň 12-si dünýä belli nemes kompaniýasy “Adidas”-yň öndüren köýnekçesini geýer.Olaryň arasynda Argentina, soňky çempion Germaniýa, Ispaniýa ýaly çempionlygyň dalaşgärleri, şol sanda ýer eýesi Russiýa, güýçli düzümi bilen tanalýan Belgiýanyň ýygyndylary bar.

Amerikan şereketi “Nike” tarapyndan öndürilen köýnekçeleri geýýän ýygyndylaryň sany 10-a deň bolup, olaryň iň esasysy 5 gezek çempion bolan Braziliýadyr. Şeýle-de iňlisdir fransuz hem-de portugal futbolçylary-da “Nike” kompaniýasynyň köýnekçelerini geýýär.

Başga bir nemes şereketi “Puma”-nyň köýnekçelerini-de ilkinji çempion Urugwaý bilen bir hatarda jemi 4 ýygyndy geýer.ABŞ-nyň “New Balance” kompaniýasynyň taýýarlan köýnekçeleri bilenem Demirgazyk Amerikanyň 2 wekili Kosta Rika hem-de Panamanyň ýygyndylary meýdança çykar.

Iňlis şereketi “Umbro”, daniýalylaryň meşhur kompaniýasy “Hummel”, italýanlaryň “Errea” hem-de nemesleriň “Uhlsport” kompaniýalarynyň hersi 1 topary köýnekçe bilen üpjün eder.Ilkinji 4 çempionatda çempion bolan toparlaryň haýsy köýnekçede çykyş edendigi barada anyk maglumat ýok. Ýöne ondan soňky 16 çempionatyň 7-sinde “Adidasyň” (Germaniýa 1954, 1974, 1990, 2014; Argentina 1978; Fransiýa 1998, Ispaniýa 2010), 3-sinde brazilleriň “Athlete” (Braziliýa 1958, 1962, 1970), 2-sinde fransuzlaryň “Le Coq Sport” şereketiniň (Italiýa 1982, Argentina 1986), 2-sinde “Umbro” (Angliýa 1966, Braziliýa 1994), 1-inde “Nike” (Braziliýa 2002) bilen “Puma” (Italiýa 2006) kompaniýalarynyň köýnekçelerini geýen toparlar çempion boldy.

“ADIDAS” (12) — Argentina, Belgiýa, Eýran, Germaniýa, Ispaniýa, Kolumbiýa, Müsür, Ýaponiýa, Meksika, Marokko, Russiýa, Şwesiýa.“NIKE” (10) — Awstraliýa, Angliýa, Braziliýa, Fransiýa, Günorta Koreýa, Horwatiýa, Nigeriýa, Polşa, Portugaliýa, Saud Arabystany.“PUMA” (4) — Senegal, Serbiýa, Şweýsariýa, Urugwaý.“NEW BALANCE” (2) — Kosta Rika, Panama.“UMBRO” (1) — Peru.“HUMMEL” (1) — Daniýa.“ERREA” (1) — Islandiýa.“UHLSPORT” (1) — Tunis.

Ýene degişli makalalar

Stol futboly
Nike we Adidas sport balaklardaky çyzyklar üçin kazyýete ýüz tutdular
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport köwüşleri mälim edildi
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan krossowkalar
Türkmenistanyň ýük awiaparky ilkinji Airbus uçary bilen dolduryldy, Serdar Berdimuhamedow Katara resmi sapary amala aşyrar, Aşgabatda TSTB-2023 sergisiniň ikinji güni dowam edýär we beýleki habarlar
Adidas Nike şereketini patentleriň düzgünini bozmakda aýyplap, kazyýete berdi