Ählisi mugt: Amsterdamda mätäç maşgalalar üçin supermarket açyldy

Ählisi mugt: Amsterdamda mätäç maşgalalar üçin supermarket açyldy

Niderlandlar Patyşalygynyň paýtagty Amsterdam şäherinde täze açylan iri dükanda siz baha ýarlyklaryny görmersiňiz, sebäbi ähli harytlar bu ýerde mätäçlere mugt berilýär.

Ýöne bir şert bilen, eklenji pes adamlar laýf-kouçlar diýilýän ýörite hünärmenler bilen maliýe babatda aýaga galmak üçin alty-ýedi aýlap işleşmeli bolarlar.

Täze supermarket dükäny talyplar guramasy tarapyndan işe goýberilen kraudfanding tutumynyň çäklerinde açyldy. Bu ýeri harytlar bilen iri kärhanalar üpjün edýärler.

Fris diýlip at berlen täze supermarketde her gün 200-300 töweregi çaga hem-de 80 maşgala mugt haryt satyn alyp bilýär. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Abdelhamid Idrisiniň aýtmagyna görä, her maşgala bu ýerde aýda 651 ýewrolyk harydy mugt alyp bilýär. Özem munda maşgalalaryň girdejileri barlanmaýar, ähli zat özara ynama esaslanýar. Bu barada Euronews habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Gelim-Gidimli Howa Menzili Bolmagynda Galýar
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Gelim-Gidimli Howa Menzili Bolmagynda Galýar
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Gelim-Gidimli Howa Menzili
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili Boldy
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili Boldy