Ärdogan Serdar Berdimuhamedowy Türkiýä sapar bilen gelmäge çagyrdy

Ärdogan Serdar Berdimuhamedowy Türkiýä sapar bilen gelmäge çagyrdy

1-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Myhman türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa özi üçin amatly pursatda Türkiýe Respublikasyna sapar bilen gelmäge iberen çakylygyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlarynyň kesgitlenilmegini, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini esasy ugur edinýän hökümetara toparyň işine wajyp ornuň degişlidigi nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagy we köpugurly esasda ösdürmegi ugur edinýän Türkmenistan döwrebap senagat düzüminiň döredilmegine, iş tejribesine häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň, täzeçil tehnologiýalaryň we oňyn işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär.

Bu bolsa, öz gezeginde, daşary ýurtly, şol sanda türk hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli gatnaşyklara oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Oktaý Bolgar Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary
Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi
Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary