Ak-gara fotoenjam satuwa çykaryldy

Reňkli fotosuratlar geçen asyryň başlarynda peýda boldy.Hatda 1850-nji ýyllarda hem dürli usullar arkaly reňkli fotosuratlar düşürilipdir. Şeýle köp wagtyň geçendigine garamazdan, golaýda Germaniýanyň “Leica” kompaniýasy ak-gara fotoenjamyny satuwa çykardy. “Leica M10 Monochrom” atly fotoapparatyn has geň galdyrýan tarapy onuň bahasy boldy.

Häzirki wagtda Malaýziýada müşderilere hödürlenen enjam 9434 dollardan satylýar.Ussat fotosuratçylaryň arasynda bu enjam uly gyzyklanma döretdi.Sebäbi hünärmenler onuň tehniki aýratynlyklaryna ýokary baha berdiler.Sanly ulgamda işleýän enjamda 40 MP durulygynda surata alýar.

Enjam dürli şertlerde ulanylmak maksady bilen berk materialdan ýasalypdyr.Onuň köp böleginiň awtomatlaşdyrylan enjamlar arkaly däl-de, elde ýasalandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Özlem Bejerek altyn medalyň eýesi boldy
Iň köp asist eden goragçy
Mane şikesli bolsa-da, Katara çagyryldy Senegalyň düzümi belli boldy
Soňky çempion Fransiýanyň düzümi belli boldy
Tälimçi Daliç Horwatiýanyň gutarnykly düzümini mälim etdi
Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
1/8 finalyň bijeleri çekildi: “Liwerpul” “Real Madrid”, PSŽ “Bawariýa”