Aktiwist Jumasapar Dädebaýew Daşkentdäki SIZO ýerleşdirildi

Aktiwist Jumasapar Dädebaýew Daşkentdäki SIZO ýerleşdirildi

Ýanwar aýynyň ortalarynda Türkiýeden Özbegistana deportasiýa edilen aktiwist Jumasapar Dädebaýew Daşkentdäki wagtlaýyn derňew tussaghanasyna ýerleşdirildi diýip adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki Fondy” (THF) onuň hossarlaryna salgylanyp habar berýär.

Geçen hepde aktiwistiň Garagalpagystanyň Tagta etrabynda ýaşaýan kakasy Egemyrat Dädebaýew Özbegistanyň hukuk goraýjy edaralaryna we özbek prezidentiniň Nukusdaky kabulhanasyna ýüzlenme ýollap, oglunyň nirededigini habar bermeklerini haýyş etdi.

Ol öz haýyşyna entek hat üsti bilen jogap almady. Emma, bazar güni aktiwistiň kakasyna Garagalpagystanyň IIM-den özüni Gaýrat diýip tanadan biri jaň edip, Jumasaparyň Daşkentdäki SIZO-da saklanýandygyny we “onuň işi bilen özüniň meşgullanýandygyny” gürrüň berdi.

THF-niň ýazmagyna görä, aktiwisti Stambulyň Saryýer etrabyndaky “Ýeni çami” metjidinden ýygnadylar. Ol bu metjitdäki dini sapaklara gatnaşýardy.

Metjidiň wekiliniň sözlerine görä, Jumasapary ýygnamaga Türkiýäniň aňtaw gullugynyň (MIT) agzalary gatnaşdylar we olaryň ýanynda polisiýa bardy. Polisiýa aktiwistiň üçünji ýurda çykmagyna rugsat ediljekdigini ynandyrypdyr. Emma, bu wada ýerine ýeitirilmedi we aktiwistiň aklawjysy bilen habarlaşmagyna rugsat edilmedi.

Aklawjy Awdulhalim Ýylmazyň habaryna görä, deslapky maglumatlar boýunça Dädebaýew 12-nji ýanwar gijesi Stambuldaky halkara howa menzili arkaly serhetden geçdi. Ýöne, onuň haýsy uçar gatnawy bilen Türkiýäni terk edendigi we onuň ýanynda kimiň bolandygy belli däl.

2019-njy ýylda Dädebaýew Özbegistanyň ýörite gulluklary bilen hyzmatdaşlykdan boýun gaçyrandan we Türkiýedäki garagalpagystanly hem türkmen demokratik hereketlerine işjeň gatnaşyp başlandan soňra Daşkent oňa “terrorist” hökmünde Interpol arkaly gözleg yglan etdi.

Özbegistanyň häkimiýetleriniň Dädebaýewe haýsy anyk jenaýat aýyplamasyny ýöňkeýändigi entek belli däl.

Adam hukuklary boýunça “Memorial” merkezi Özbegistanyň ýörite gulluklarynyň aktiwistiň daşary ýurtlarda işlemegi üçin hakyna tutmaga nähili synanyşandygy barasynda onuň gürrüňlerini ýaýratmagyny dowam edýär.

Часть 1

Часть 2

The post Aktiwist Jumasapar Dädebaýew Daşkentdäki SIZO ýerleşdirildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Jumasapar Dädebaýewiň işi: aktiwist ogurlanandygyny we psihotropiki serişdeleriň ulanylandygyny aýdýar
Blogçy we raýat aktiwisti Jumamyrat Dädebaýew Türkiýeden Özbegistana zor bilen iberildi
Blogçy we raýat aktiwisti Jumasapar Dädebaýew Türkiýeden Özbegistana iberildi
Türkiýe Özbegistana çagyryş berdi
Özbegistanyň häkimiýetleriniň Garagalpagystan babatda “aýgytly hereketini” Türkmenistan goldaýar
Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonomiýasynda 14 adam göz tussaglygyna alyndy