Ali Erbaş Rasmus Paludanyň Gurhany ýakmagyna berk reaksiýa bildirdi

Ali Erbaş Rasmus Paludanyň Gurhany ýakmagyna berk reaksiýa bildirdi

Türkiyäniň Din işleri guramasynyň başlygy Ali Erbaş aşa sagjy syýasatçy Rasmus Paludanyň Türkiyäniň Stokgolm şäherindäki ilçihanasynyň öňünde Şwesiýanyň resmileriniň rugsat bermegi esasynda Gurhany ýakmagyny iň berk ýagdaýda ýazgardy.

Din işleri guramasynyň başlygy Ali Erbaş, sosial media hasabyndan "Gurhanyň dostlary, geliň ertir namazyny okalyň" diýip, her kime metjitlerde Gurhan okamaga çagyryş berdi.

Berilen çagyryşa laýyklykda ýurt derejesindäki ähli metjitlerde halk ertir namazynda bir ýere jemlendiler.

Ali Erbaş Ankara şäherindäki Hajy Baýram Weli metjidinde raýatlar bilen bilelikde, ertir namazyny okady.

Metjitde çykyş eden Ali Erbaş: "Bütin dünýäniň adamlary hökmünde bir ýerde ýaşamak üçin biri-birimiziň ynanjymyza, kitabymyza, jynsymyza hormat goýmaga mejburdyrys" diýip belledi.

Ali Erbaş: "Yslamyň iň möhüm ýörelgeleriniň biri hem söweş hem bolsa käbir zatlaryň eldegrilmesizligi bardyr: çagalar, bigünäler, zenanlar we ybadathanalardyr. Tapawutly ynançlary bolan adamlaryň mukaddes hökmünde kabul eden kitaplaryň eldegrilmesizligi bardyr" diýip nygtady.

Bir ýerde ýaşamagyň iň möhüm şertleriniň biri hem adamlaryň biri-birleriniň ynançlaryna, messeplerine, jynslaryna, reňklerine hormat goýmaklarynyň gerekdigini aýdan Ali Erbaş: "Bütin dünýäniň adamlary hökmünde bir ýerde ýaşamak üçin biri-birimiziň ynanjymyza, kitabymyza, jynsymyza hormat goýmaga mejburdyrys" diýip habar berdi.

Ali Erbaş: "Gurhan bilen duşmançylyk etmäň, eýsem dostlaşyň" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Änewde gurlan täze metjit Seýit Jemaleddin metjidi diýlip atlandyrylar
“Alla Biziň Doganlarymyzy Ysraýylyň Zulumyndan Halas Etsin”
Şwesiýada Gurhanyň ýakylmagyna garşy çykan pakistanly göz tussaglygyna alyndy
Nahajul Faradis atly eseriň türki dile goşan goşandy
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'