“Altyn asyryň” alty golly ýeňşi

Türkmenistanyň futbol boýunça Milli 26-njy tapgyrda oýnalan duşuşyklarda 17 gol geçirildi. Çempionlygyny geçen hepdede yglan eden Altyn asyr öz meýdançasynda “Energetikden” 6-0 üstün çykdy.Aragatnaşykçylaryň gollarynyň 4-sini soňky 20 minutda çempionatyň iň netijeli hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.

Beýleki 2 goly Begenç Akmämmedow bilen Mihail Titow öz atlaryna ýazdyrdylar.Altymyrat Annadurdyewiň gollarynyň sany 35-e ýetdi.

Galan 3 duşuşykda myhmanlar ýeňiş gazanyp, birmeňzeş hasaplar bilen tamamlanan oýunlarda “Şagadam” “Merwden”, “Köpetdag” bolsa, “Ahaldan” 2-1 üstün çykdy. 2 oýunda-da ýer eýeleri hasaba açsalaram, olara ýeňiş gazanmak başartmady.

Murat Ýakşiýewiň goly bilen öňe saýlanan “Ahalyň” derwezesinden “Köpetdagyň” adyndan ýeňiş gollaryny Yhlas Saparmämmedow hem-de Şiri Annaýew geçirdi. “Merw”“Şagadam” duşuşygynda-da ýer eýeleri 33-nji minutda Pirmyrat Gazakowyň goly bilen öňe saýlandy. Ýöne 2-nji ýarymda has erjellik görkezen Şagadama Hydyr Ýakubow bilen Yhlas Magtymow ýeňiş getiren oýunçylar boldy.

Tapgyryň çekeleşikli geçen oýnunda “Nebitçi” öz meýdançasynda “Aşgabatdan” 3-2 utuldy. “Aşgabat” toparyna ýeňiş getiren pökgüleriň 2-sini Nazar Towakelow, beýlekisini-de Şatlyk Gurbanow öz atlaryna ýazdyrdylar.

Çempionatyň 27-nj tapgyrynyň duşuşyklary (“Köpetdag”“Şagadam”, “Merw”“Nebitçi”, “Aşgabat”“Altyn asyr”, “Energetik”“Ahal”) 25-nji noýabrda oýnalar.

The post “Altyn asyryň” alty golly ýeňşi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2020-nji ýylyň jemini jemledi
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
“Şagadam” bürünç medala mynasyp boldy
Bürünç medalyň eýesi “Şagadam”
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi
TÝL ― 2020: 26-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar