Altyn medaly paýlaşdylar

Tokio 2020-de ýeňil atletika ýaryşlarynda erkekleriň arasynda beýiklige bökmekde altyn medaly iki türgen özara paýlaşdylar.Münbere çykan 3 türgenem şol bir netijäni görkezdi. 2,37 metre beýiklige böken italiýaly Janmarko Tamberi bilen katarly Mutaz Essa Barşim altyn medaly özara paýlaşdylar.

Iki türgeniň ähli görkezijileri-de deň boldy. 2,37 metre böken belarusly Maksim Nedasekau 2,35 metre 2-nji synanyşygynda bökdi. Şunlukda, belarusly türgen bürünç medala mynasyp boldy. Ýaryşda kümüş medal gowşurylmady.

Ýeňiji bolan iki türgen hem bu ugurda altyn medal gazanan ilkinji italiýaly, ilkinji katarly türgenler hökmünde hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Liwanur Berdiýewa zehinini rus teleýaýlymynda görkezýär
Paýhaslar
Messi mekgejöwen meýdanynda
Çeburaşka rus prokatynyň taryhynda iň köp toplan film boldy
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany