Amerikan sözlügi 2022-nji ýylyň esasy sözüni kesgitledi

Amerikan sözlügi 2022-nji ýylyň esasy sözüni kesgitledi

Merriam-Webster amerikan sözlügi 2022-nji ýylyň baş sözi hökmünde gazlaýtiň (gaslighting) adalgasyny saýlady diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Adalga pidanyň özüniň daşky barlygy akylly-başly kabul edýändigine şübhelenmegine eltýän psihologik pirimi aňladýar.

Neşiriň saýtynyň ýazmagyna görä, 2022-nji ýylda gazlaýtiň barada internetdäki gözlegleriň sany 1740 göterim artypdyr, oňa ýylyň bütin dowamynda gyzyklanma peselmändir.

Häzirki galp habarlaryň — feýk täzelikleriň, dildüwşük teoriýalarynyň, trollaryň we dipfeýkleriň çalt ýaýran asyrynda gazlaýtiň iň ýörgünli söze öwrüldi diýlip, sözlügiň saýtynda bellenýär.

Sözlügi düzüjiler bu düşünjäniň 1938-nji ýylda döredilen sahna eseriniň we onuň esasynda surata düşürilen filmiň adyndan gelip çykýandygyny belleýärler. Ýorduma görä, erkek kişi öz aýalyny akylyndan azaşandygyna ynandyrmakçy bolýar. Erkek kişiniň hilesi bilen gaz arkaly yşyklandyrylýan öýüniň çyrasy öçügsilenýär, emma ol aýalyny bu ýagdaýyň hakykatda onuň göwnünedigini ynandyrýar.

Sözlük bu adalgany adamy öz pikirleriniň, daşky barlygy kabul edişiniň ýa-da ýatlamalarynyň dogrudygyna şübhelendirmek üçin edilýän hile hökmünde düşündirýär, netijede, ol adam akylynyň ýerindedigine, öz-özüne bolan ynamyny ýitirýär we günäkär adama garaşly bolup galýar diýip, düşündirýär.

Saýtda beýan edilişine görä, soňky ýyllarda gazlaýtiň kimdir birini şahsy bähbidiň üçin gödek azaşma sezewar etmek diýen manyda hem ulanylyp başlapdyr, bu adalga şunda ýalan (lying) we kezzaplyk (fraud) diýen adalgalaryň gibridine öwrülipdir.

Ýene degişli makalalar

Amerikadaky Azatlyk diňine ýyldyrym düşdi
Forbes žurnaly ABŞ-nyň Prezidentligine iň baý dalaşgäri agzady
Economist neşiri ýylyň ýurduny saýlady
Gurbanguly Berdimuhamedowyň “KazanForum 2024” forumyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türk syýasatçysy baýramçylyk wagty balkon ýykylyp heläk boldy
Russiýa G20-ligiň iň çalt ösýän ýurtlarynyň sanawyna girdi
Dünýäde iň bagtly ýurt belli boldy