Amir Abdollahian: Halkara Atom Energiýasy Guramasy özüni alyp barýan syýasy boluşyndan daşlaşdyrmalydyr

Amir Abdollahian: Halkara Atom Energiýasy Guramasy özüni alyp barýan syýasy boluşyndan daşlaşdyrmalydyr

Eýranyň Daşary işler ministri: Halkara Atom Energiýasy Guramasy özüni alyp barýan syýasy boluşyndan daşlaşdyrmaly diýdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian çarşenbe güni Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşandan soň öz Instagram sahypasynda Halkara Atom Energiýasy Guramasy özüni syýasy alyp barşyndan daşlaşmaly we diňe tehniki borçlaryna ünsi jemlemeli diýip ýazdy.

Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy şeýle-de Eýran üçin ähli taraplaryň ýadro şertnamasyna gaýdyp geleninden soň, käbir syýasy garaýyşlaryň we Agentligiň Eýran Yslam Respublikasyna garşy esassyz aýyplamalary gaýtadan gozgalmagyny kabul edip bolmaz diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian çarşenbe güni Moskwada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşandan we söhbetdeşlikden soň geçirilen metbugat ýygnagynda Eýran parahatçylykly ýadro meselesinde dünýäde esasy rol oýnaýan ýurtlaryň biri we howpsuzlygy ýola goýmak üçin islendik kömege we hyzmatdaşlyga taýyndyr diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ýadro güýç milli energiýa howpsuzlygynyň açarymy?
Türkmenistanyň IAEA-nyň Konwensiýalaryna goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi
Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy
Hepdede 4 gün işlemeli diýen netijä geldiler
Halkara Atom Energiýasy Gullugy Syýasy Basyş Ulagyna Öwrülmäge Çalyşylýar
Altyn Ýunus haryt nyşany täze görnüşli önümi öýjükli şokoladlary hödürleýär
ABŞ: "Russiýa Ukrainada ýadro ýarag ulanan halatynda netijesi agyr bolar"