Amir Abdollahýanyň Ýewropa Bileleşigine duýduryşy

Amir Abdollahýanyň Ýewropa Bileleşigine duýduryşy

Eýranyň Daşary işler ministri italýan kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde eger-de Ýewropa Bileleşigi iki ýüzli we howlukmaç we oýlanyşyksyz çäre görmek islese, Eýranyň täsirli we garşylykly jogabyna garaşmaly bolar diýdi.

Şu gün (çarşenbe) Italiýanyň Daşary işler ministri Luigi Di Maio Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Bu söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikler, Eýranda bolup geçen soňky wakalar, gozgalaňçylaryň we bidüzgünçileriň daşardan goldanmagy, Eýranyň içerki özgerişine daşary ýurt gatyşmalary bilen baglanyşykly soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy we derňeldi.

Birnäçe Ýewropa ýurtlarynyň şu günler Eýranda bolup geçen içerki wakalara goşulyşmagy Yslam respublikasynyň reaksiýasyny döretdi we Şwesiýa, Fransuz, Norwegiýa we Iňlis wekilhanalarynyň ilçileri we wekilleri Daşary işler ministrligine çagyryldy we olara Eýranyň nägileligi habar berildi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä Amir Abdollahian bu telefon söhbetdeşliginde Eýran Yslam Respublikasy, demokratiýa amalda ynam bilen hemişe halkyň parahatçylykly talaplaryna üns berýär diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda soňky wakalarda daşary ýurtly interwensiýaçylar, guramaçylykly agentler we terroristler adamlaryň parahatçylykly ýygnanmagyny zorluga, bulam-bujarlyga we bigünä adamlaryň, polisiýa we howpsuzlyk işgärleriniň öldürilmegine tarap çekdiler diýdi.

Italiýanyň Daşary işler ministri Eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Yslam respublikasy bilen gatnaşyklara ähmiýet berýäris we Eýranyň ýadro şertnamasynda durnukly ylalaşyk gazanmak ugrundaky tagallalaryny goldaýarys diýdi.

Luigi Di Maio sözüniň dowamynda Italiýa gysga wagtda ylalaşyk gazanmak üçin hereketlerini dowam etdirer diýip beýan etdi.

Italiýanyň Daşary işler ministri şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň özygtyýarlylygyna we kanunlaryna hormat goýýarys we halkyň parahatçylykly talaplaryna jogap bermegi bulam-bujarlykdan we terrorçylykdan aýry bilýäris diýdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Prezidenti 22-24-nji aprelde Pakistana barar
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri
Kabulda Owganystana goňşy ýurtlaryň wekilleriniň duşuşygy geçirildi
TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Owganystana Iş Saparyny Gurady
Arkadag şäherinde Täze ýyla taýýarlyk işleri alnyp barylýar, Türkmenistanda Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek dalaşgärleri seçip almak işleri geçiriler, 27-nji dekabrda Aşgabatda ýaşlaryň dabaraly maslahaty öz işine başlar we b
Türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy