Angela Merkele BMG-niň bosgunlar boýunça baýragy gowşuryldy

Angela Merkele BMG-niň bosgunlar boýunça baýragy gowşuryldy

Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkel Ženewada geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasynda bosgunlaryň hukuklaryny goramak boýunça bitiren görnükli işleri üçin, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň edarasy tarapyndan her ýyl gowşurylýan Nansen adyndaky baýrak bilen sylaglandy. Bu barada Euronews habar berýär.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda Merkel bu abraýly baýragy 2015-nji we 2016-njy ýyllardaky migrasiýa kynçylyklarynda siriýaly bosgunlary goldan germaniýalylara bagyşlaýandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde nemes syýasatçysy bosgunlaryň hukuklaryna hormat goýmaga çagyrdy.

Ol özüne berlen baýragyň 150 müň dollar pul bölegini dört sany sebit laureatlaryna, şol sanda 50 ýyl bäri Kosta-Rikadaky bosgunlara kömek edip gelýän zenana we yrakly lukman zenana berdi.

Bosgunlaryň hukuklaryny goramak boýunça gowşurylýan Nansen adyndaky baýrak bosgunlaryň hukuklaryny gorap çykyş eden norwegiýaly alym Fritof Nanseniň hormatyna 1954-nji ýylda esaslandyryldy.

Ýene degişli makalalar

Angela Merkel Nansen baýragyna mynasyp boldy
“Türkiýe, Ýakyn Gündogar Ýurtlaryndan Gelen 3,8 Million Bosguny Kabul Etdi”
Dünýä ýurtlarynyň prezidentleri günde näçe sagat ýatyp ukusyny alýarlar
G-20-ä Agza Ýurtlaryň Liderleri Rimde Duşuşar
“Diplomatiýa Arkaly Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagynyň Öňü Alnyp Biliner”
Putin Bilen Merkel, Belarus-Polşa Serhedinde Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy