Argentina benewşe güllere beslendi

Argentina benewşe güllere beslendi

Argentinada žakaranda baglary gülledi, bu täsin agaç ýurduň nyşany hasaplanýar. Onuň benewşe güllerini gören adam parhsyz geçip bilmez diýip, MIR 24 ýazýar.

Surat: animalworld.com.ua

Buenos-Aýresiň köçeleri benewşe öwüsýär, žakarandanyň gülleri kindiwanja jaňjagazy ýatladýar, bu daragt bütin noýabrda gülleýär. Buenos-Aýresde bu günorta afrikan daragtynyň 15 müňe golaý düýbi bar, olar ýurda baryp XIX asyrda getirilipdir, şondan bäri žakaranda baglary şäheriň iň täsin gymmatlyklarynyň biri hasaplanýar.

Men bu agaçlara bürenen şäheri söýýärin, olar diýseň ajaýyp. Maňa benewşe gülleri ýaraýar, jaýlaryň üçekleriniň benewşe güllere baslygyp oturyşyny synlap gözüň ganmaýar. Bu gülleriň köçelere şahadan tänip gaçyşy hakyky poeziýa ahbetin! diýip, Buenos-Aýresiň ýaşaýjysy Elza Kardium gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Buenos-Aýresde harasat şäheriň esasy nyşanyna şikes ýetirdi
Iki müň argentinaly Möý-adamyň eşigini geýip, rekord goýdular
Rowaýaty futbolçy Diego Armando Maradona 60 ýaşynda aradan çykdy
Futbolyň ägirdi Diego Maradona aradan çykdy, Argentinada 3 gün ýas yglan edildi
Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti wezipesine täzeden saýlanyldy
Daşary ýurt metbugatyna syn