Arizonada howply ýükli otly agdy

Arizonada howply ýükli otly agdy

ABŞ-nyň Arizona ştatynyň demirgazygynda howply jisimleri daşaýan ýük otlusy demir ýoldan agdy. Bu barada New York Times gazetine salgylanyp, RIA Nowosti habar berdi.

Heläkçilik Mohawe okrugynyň Topok şäheriniň golaýynda boldy. Howply jisimleriň dökülmegi we hadysanyň sebäpleri barada habar berilmeýär.

Bu soňky aýlarda ABŞ-da howply ýükli otlularyň agmagy bilen bagly ilkinji ýagdaý däldir. Fewralda ýurduň Ogaýo ştatynda hem himiki jisimleri daşaýan otly demir ýoldan agyp, ýangyn döredi. Ýerli ýaşaýjylary göçürmeli boldy diýip, Belta.by saýty ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede ýolagçy awtobusy jara, Pakistanda jülgä gaçdy
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Berliniň üstünde asman jisimi partlady
Amerikadaky Azatlyk diňine ýyldyrym düşdi
Ermenistanyň demirgazygynda 230 adam sil sebäpli göçürildi
Pol Kagame Ruandeniň Prezidentligine ikinji möhlete saýlandy
Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy