Aşgabada bagyşlanan döredijilik bäsleşigi yglan edilýär

Aşgabada bagyşlanan döredijilik bäsleşigi yglan edilýär

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparynyň barşynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigini, onuň giňden baýram ediljekdigini belläp, bu şanly sene mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşiginiň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmen Lideri Aşgabat hakynda dörediljek aýdymlar paýtagtymyzyň gözel keşbini suratlandyrýan şekiller bilen utgaşdyrylmalydygyny, bäsleşigiň ýeňijileriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan edip, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan sylaglanmalydygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aşgabat dürli döwürlerde sungat ussatlarynyň ylham çeşmesine öwrüldi.Taryhyň dowamynda Aşgabat şäherini wasp edýän birnäçe sungat eserleri döredildi.Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň daşynda hem uly meşhurlyk gazanan Myrat Sadykowyň Aşgabady wasp edýän aýdymy köp nesilleriň ýadyndadyr.

Häzirki döwürde hem Aşgabady wasp edýän aýdymlaryň sany barha artýar.Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden tanalýan sungat ussatlary A.Garýagdyýew, S.Orazberdiýew, P.Amandurdyýew we beýleki bagşy-sazandalar, estradaçylar ýurdumyzyň baş şäheriniň wasp edýän aýdymlary döretdiler we ol eserler halkymyzyň söýgüsine mynasyp boldy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýene degişli makalalar

Diwan edebiýatynyň soňky tanymal şahyry kabul edilýän Şeýh Galip
Gypjak dili döwründe ýazylan eserler
Ýewraziýa döwletlerinde başdan geçirlen soňky wakalar
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşlerinden Täze ýyl gutlaglaryny aldy
Izmir Şambaly süýjüligi
Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy