Aşgabatda II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi

Şu gün Aşgabatda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi.

TDH-da habar berlişi ýaly, bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli guraldy.

Türkmenistan däp bolan medeni gatnaşyklary berkitmek arkaly halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy goldamak ýaly jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde aýratyn orun eýeleýändigini görkezip gelýär.

Häzirki wagtda netijeli daşary syýasatyň möhüm bölegi bolan dünýäniň dürli ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen medeni diplomatiýa aýratyn üns berilýär.

TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň teatr toparlaryny paýtagtymyza jemlän II teatr festiwaly medeniýetleri baýlaşdyrmak, ýurtlaryň arasynda dostluk gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirilýär.

Şunda teatr sungaty watançylyk, gözellik we ahlak terbiýesi ýaly möhüm hyzmaty ýerine ýetirmek bilen halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge şert döredýär.

Sahna sungatynyň wekilleriniň duşuşygy şeýle hem tejribeleri alyşmagy göz öňünde tutup, ol ýerine ýetirijilik ussatlygyny we ýaş teatr artistleriniň sahna medeniýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirilýär
Siwas şäheriniň döwlet teatry Aşgabatda Garajaoglanyň yşk hekaýatynyň täze beýany bilen çykyş etdi
Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi dowam edýär
Birnäçe daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany gowşuryldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumdaky çykyşy