Aşgabatda mekdep ýarmarkalary açyldy. Harytlaryň bahasyna syn

Aşgabatda mekdep ýarmarkalary açyldy. Harytlaryň bahasyna syn

Aşgabatda mekdep ýarmarkalary açyldy we olarda mekdep esbaplary, geýimleri hem okuw üçin köýnek tikilýän matalar satylýar.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň”habarçylarynyň maglumatlaryna görä, geçen ýylky ýarmarkalardan tapawutlanýan esasy aýratynlyk-harytlaryň suratyny almagy gadagan edýän polisiýanyň nobatçylyk çekmegi.

Mekdep harytlarynyň käbiriniň bahalaryny getirýäris:

-12 sahypaly bir depder 1,5 manat:eger 50-den köp satyn alsaň 1,2 manat. (gara bazarda’ dollaryň nyrhy 19,5 manat),

-ruçkalar 1 manatdan 5 manada ýetýär,

-ýerli gündelik 10 manat, russiýanyňky 20-25 manat.

-arkadan asylýan torbalar we sumkalar 120 manatdan 250 manada ýetýär( 6-13 dollar), studentler üçin sumkalar 300 manat (15 dollar),

-oglanlar üçin ýerli penjek we jalwar 275-285 manat (14,5 dollar), daşary ýurt önümi 500 manat (26 dollar),

-öňlükler 150-200 manat (8-10 dollar),

-oglanlar üçin aýakgaplar 500 manat (26 dollar), gyzlar üçin 200-250 manat (10-13 dollar),

-okuw esbaby hasaplanýan we hökmany geýmek talap edilýän tahýalaryň elde tikileni 85 manat (4 dollar), maşynda tikileni 35 manat (1,8 dollar).

Okuwçylara habar berilmegine görä, 1-nji sentiýabrdan sapaklar ýene 45 minuda ýetiriljek.Mundan owal koronawirus bilen ilteşikli sapaklar 20 minuda çenli gysgaldylypdy.

The post Aşgabatda mekdep ýarmarkalary açyldy.

Harytlaryň bahasyna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Bagtyýar paromy Türkmenistandan Russiýa üsti ýükli awtoulaglary eltdi
Mahabat Hyzmaty: özboluşly ýadygärlik sowgatlyklary hem-de mahabat önümlerini döredýän dizaýn we poligrafiýa studiýasy
NG Kutahya dükanynda çyglylyga garşylygy ýokary wanna mebellerini saýlap bolýar
Türkmenistan halkara ýük daşamalary üçin rugsatnama almak boýunça arzalary kabul edýär
Aşgabatdaky Alem Sport apparels and shoes dükany — durmuş stilini sport we moda hasaplaýanlar üçin
Post Shop söwda platformasy 5 kilograma çenli harytlary mugt eltip bermek hyzmatyny girizýär
Ýönekeý söwda platformasy Hytaýdan harytlary onlaýn satyn almagyň amatly usuly