Aşgabatda walýutanyň bikanun satylýan nokatlarynda polisiýanyň barlaglary geçirildi, güýç ulanyyjylar “kriptowalýutaçylary” gözleýärler

Aşgabatda walýutanyň bikanun satylýan nokatlarynda polisiýanyň barlaglary geçirildi, güýç ulanyyjylar “kriptowalýutaçylary” gözleýärler

29-njy iýulda Aşgabadyň polisiýasy walýutanyň bikanun satylýan nokatlarynda barlaglar geçirildi.

Walýuta satýanlary Saparmyrat Nyýazow adyndaky şaýolundaky “Gunça” hyzmat edişde, “Dünýä bazarynda”, 11-nji ýaşaýyş etrapçasynda we walýutanyň mydama bikanun satylýan nokatlary bolan beýleki ýerlerde barlag geçirdiler.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatyna laýyklykda, polisiýanyň barlagy anyk walýuta söwdagärlerine gönükdirilmändir.

Şol wagt bazarda bolanlaryň ählisini saklapdyrlar. Hatda,soňra olaryň aglabasyny protokolsyz erkinlige goýberipdirler.

“TH-niň” habarçylarynyň gürrüňdeş bolan walýuta satyjylarynyň gürrüň bermegine görä, häzir olar “tertip-düzgünli” işleýärler, sebäbi, “gara bazar” bilen güýç ulanyjylar gyzyklanýarlar.

“Esasan, olar kriptowalýutaçylary we ony öndürýänleri gözleýärler. Häzir kimiň wideýokarta we ony gazyp almak üçin beýleki enjamlary satyn alýandygyny gözleýärler, köp elektrik harçlanýan jaýlara, kwartiralara göžegçilik edýärler”diýip walýuta satyjylaryň biri gürrüň berýär.

Bu barlaglar dollaryň bahasyna täsir etmedi.

“HT-niň” okyjylarynyň biriniň kommentariýalarynda bellemegine görä, eger Aşgabadyň “gara bazarynda” dollaryň bahasyny we bitkoýiniň nyrhyny deňeşdirsek, birmeňzeş ýagdaýy görmek bolýar.

Emma, bir aý mundan öňki gijä galmak bilen.

Bu kanunylaýykmy ýa-da ýöne, tötänleýin gabat gelmemi entek anyk däl.

Soňky 10 günüň içinde bitkoýiniň bahasy 30 müňden 40 müň dollara çenli ýokarlandy.Dollaryň bahasy bolsa, aprel aýyndan iýuna çenli 30-40 manatdan 32-33 manada çenli kemeldi.

Entek olaryň bahasy bu derejesinde galýar.The post Aşgabatda walýutanyň bikanun satylýan nokatlarynda polisiýanyň barlaglary geçirildi, güýç ulanyyjylar “kriptowalýutaçylary” gözleýärler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň şäherlerinde walýuta söwdagärlerine garşy reýd geçirilýär
Balkan: Gara bazarda dollar, dükanlarda harytlar gymmatlaýar
Ýyllyk satuwy 5,25 milliard dollar boldy
Mary: Daşary ýurtlarda bilim alýan studentleriň ene-atalary geçirimler bilen bagly arz-şikaýat bilen häkimlige bardy
Subsidirlenen iýmit önümleri kem-kemden gymmatlaýan mahaly, olaryň görnüşleri azalýar
Eýran Bilen Günorta Koreýa, Eýrana Degişli Walýutalaryň Ulanylmagy Meselesinde Ylalaşyk Gazandy