Atom energiýasy guramasynyň başlygy: Eýranyň ýadro işjeňliginiň saglygy subut edildi

Atom energiýasy guramasynyň başlygy: Eýranyň ýadro işjeňliginiň saglygy subut edildi

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy we prezidentiň orunbasary ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň we käbir beýleki günbatar ýurtlarynyň ykrar etmeklerine görä, Eýranda ýadro işleri aç-açandyr.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy "Muhammet Eslami" penşenbe güni agşam Eýranyň merkezinde ýerleşýän Yspyhan şäherinde eden çykyşynda ýadro şertnamasynyň ýigrimi ýyllyk gepleşikleriň netijesidigini aýtmak bilen bu halkara şertnamada Eýranyň ýadro programmasy we onuň harby ölçegleri (PMD) baradaky aýyplamalar ýapylýar we aslynda ýadro ylalaşygy Günbatar ýurtlarynyň Eýrana garşy berk we zalymlykly sanksiýalary ýatyrmak borjydy diýdi.

Aýtmak ýerli Günbatar ýurtlary Eýranyň ýadro işleri parahatçylykly däl diýen bahana bilen BMG Howpsuzlyk Geňeşinde Eýrana garşy karar kabul edipdiler.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy şeýle-de, Eýranyň parahatçylykly ýadro işleriniň dowamynda Ysraýyl režiminiň yzygiderli iş bozarlygyna ünsi çekip şeýle diýdi: Bu režim, Eýranyň ýadro hereketleriniň mümkin bolup biljek harby ölçegleri barada 50,000 sahypanyň bardygyny toslaýar ýöne 5+1 topar bilen Eýranyň ýadro gepleşiklerinde bu režimiň ähli toslamalaryna Tähranyň anyk jogap berendigini we bu toslamalaryň we aýyplamalaryň ret bolandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Ýadro güýç milli energiýa howpsuzlygynyň açarymy?
Türkmenistanyň IAEA-nyň Konwensiýalaryna goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi
Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy
Hepdede 4 gün işlemeli diýen netijä geldiler
Halkara Atom Energiýasy Gullugy Syýasy Basyş Ulagyna Öwrülmäge Çalyşylýar
Altyn Ýunus haryt nyşany täze görnüşli önümi öýjükli şokoladlary hödürleýär
ABŞ: "Russiýa Ukrainada ýadro ýarag ulanan halatynda netijesi agyr bolar"