Awazada kottejler toplumy ulanylmaga berler

29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin gurlan kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna hem-de dürli görnüşli tagamlaryň sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşýän Awaza milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ilatymyzyň dynç almagy üçin ähli amatlyklary döretmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Awazada gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer 1-nji awgustda açylmagy meýilleşdirilýän bu täze toplumyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlandygyny habar berdi.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň jemgyýetçilik iýmiti ugrunda iş alyp barýan agzalarynyň taýýarlan dürli görnüşli tagamlarynyň görkezilişini guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasynyň meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şypahana-dynç alyş toplumlarynyň Awazany ösdürmegiň esasy ugry hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Olar, öz nobatynda, deňiz ýakasynyň durmuşynyň beýleki ulgamlarynyň ählisiniň kämilleşdirilmegine oňyn täsir eder. Döwlet Baştutanymyz adamlar baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi hem-de wise-premýere täze desgalaryň açylyşyny we milli tagamlaryň sergisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Serdar Berdimuhamedow: “Aşgabady baýramçylyk keşbinde bezemek zerurdyr”
“Türkmendemirönümleri” kärhanasynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler
Aşgabadyň zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek işleri güýçlendirilýär
Aşgabatda döwrebap zeýkeş ulgamy dörediler
Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar