Aýdymçy Ýuriý Şatunow aradan çykdy

Aýdymçy Ýuriý Şatunow aradan çykdy

Russiýada Laskowyý maý (Ласковый май) aýdym-saz toparynyň meşhur aýdymçysy Ýuriý Şatunow 48 ýaşynda aradan çykdy. Deslapky maglumatlara görä, artistiň ölümine ýiti ýürek ýetmezçiligi sebäp boldy. Bu barada MIR24 habar berdi.

Ýuriý Şatunow 1973-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Kumertau şäherinde dünýä indi. Ol ýetginjekkä Ласковый май toparynyň agzasy bolup, meşhurlyk gazandy. Şatunow bu toparda 1986-1991-nji ýyllar aralygynda çykyş edip, ozalky Soýuzyň ähli ýerlerinde ýaşlaryň söýüp diňleýän aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Olaryň arasynda iň bellileri Ak bägüller (Белые розы), Tomus (Лето), Çal gije (Седая ночь) we Ereýän gar (Тающий снег) atly aýdymlardyr.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy, kosmonawt Oleg Kononenko täze missiýa bilen HKS-e ugrady, Kiçi teatryň Aşgabada sapary yza süýşürildi we beýleki habarlar
Kosmonawtika güni mynasybetli Aşgabatdaky Gagariniň heýkeline gül goýmak dabarasy bolar
“Star Legend” Atly Kruiz Gämisi Bodruma Geldi
Eýranda ýolagçy otlusy aýazly howa sebäpli ýolda galdy
Ysraýylyň Guran Operasiýasynda Palestinaly 2 Ýetginjek Ýogaldy
Diktatoryň buýsanjy üçin kanunyň hökmürowanlygy ýok edilýär
Ýylyň garaşylýan filmleri