Azatlygyň habaryndan soň, orta mekdebi tamamlaýan oglanlaryň harby gullugy wagtlaýyn yza süýşüriler

Azatlygyň habaryndan soň, orta mekdebi tamamlaýan oglanlaryň harby gullugy wagtlaýyn yza süýşüriler

Azatlyk Radiosynyň habaryndan soň, Türkmenistanda orta mekdebi tamamlaýan oglanlar üçin harby gullugyň möhleti wagtlaýyn yza süýşüriler. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow teklip bilen çykyş etdi.

Azatlyk Radiosy 13-nji iýunda daşary ýurtlarda ýokary okuwy tamamlan ýigitleriň ýurda dolanandan soňra, karantinden dessine harby gullugya çagyrylmagy, şuňa meňzeş tejribäniň ýurduň orta mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda hem gaýtalanmagy barada habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji iýunda Aşgabadyň Maslahatlar köşgünde ýaşlar bilen maslahat geçirdi we onuň dowamynda, ýurduň ýaşlar syýasaty bilen bagly başga-da birnäçe teklip bilen bir hatarda, orta mekdebi tamamlaýan oglanlar üçin harby gullugyň möhletiniň wagtlaýyn yza süýşürilmegini teklip etdi.

Turkmenportal.com neşiriniň döwlet mediasyna salgylanyp habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşlar hakyndaky Kanunyň 20-nji maddasynyň 13-nji bendinden soň, 14-nji bendi goşmak, ýagny Ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, orta mekdebi tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek meselesiniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 13-nji iýunda daşary ýurtlardan dolanan ýaşlaryň dessine harby gulluga äkidilmegi bilen bir hatarda, şu günler ýurduň orta mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda 18 ýaşyna ýeten uçurymlary gutardyş synaglaryndan soň, dessine goşun gullugyna almak tejribesiniň hem dowam edýändigini habar berdi.

"Uçurymlaryň gutardyş şahadatnamasyny almagyna we munuň bilen bagly geçirilýän dabara gatnaşmagyna hem rugsat berilmeýär. Ýurduň ýokary okuw jaýlarynda hem ýagdaý şeýle bolup, ÝOJ-laryň gutardyş synagyndan soň, ýaşlar öýlerine dolanman, göni gulluga gitmeli bolýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi belledi.

Habarçylarymyz, ýerli harby bölümleriň işgärlerine salgylanyp, ýaşlaryň mekdepden ýa aeroportdan dessine harby gulluga alnyp gidilmeginiň sebäplerini ýurduň harby pudagynda esger ýetmezçiligi bilen düşündirýärler.

"Gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge esger ýok" diýip, ýerli harby bölümiň bir işgäri anonimlik şertinde 13-nji iýunda gürrüň berdi.

Türkmenistanda 18 ýaşyna ýeten uçurymlary mekdeplerden göni goşun gullugyna almak tejribesi soňky birnäçe ýyl bäri dowam edýär.

Raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleri Türkmenistanyň prezidentiniň namalary esasynda ýylda iki gezek - 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli hem-de 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli aralykda geçirilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-nji martda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda permana gol çekdi. Bu permana laýyklykda, aprel-iýun aýlarynyň dowamynda 18-27 ýaş aralygynda bolan we harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da gulluk möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýatlar harby gulluga çagyrylýar.

Galyberse-de, Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň hatarynda harby gulluk borjuny ýerine ýetiren türkmenistanlylar, goşun gullugyndaky problemalaryň, şol sanda “dedodwşina”, ýagny agalyk, harby bölümlerde azyk önümleriniň ýetmezçiligi ýaly meseleleriň ýyllarboýy dowam edýändigini aýdýarlar.

Bu aralykda, Türkmenistan dini ynanjy sebäpli hökmany harby gullukdan boýun gaçyrýan raýatlara alternatiw gulluk mümkinçiliklerini hödürlemeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurtlardan gelen türkmen talyplary karantinden soň, dessine harby gulluga iberilýär
Türkmenistanda ýaşlaryň okuw üçin goşun gullugyny yza süýşürmegine rugsat berilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr
Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi