Aziýanyň ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda 6,5% ösmegine garaşylýar

Aziýanyň ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda 6,5% ösmegine garaşylýar

Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri pandemiýanyň ýaramaz täsirinden dikelip, 2021-nji ýylda 6,5%-den gowrak ösmegine garaşylýar. Bu barada Boao Aziýa forumynyň (BFA) Baş sekretary Li Baodunyň ýekşenbe güni aýdanlaryna salgylanyp, “TASS” agentligi habar berdi.

“Biziň çaklamalarymyza görä, 2021-nji ýylda Aziýada jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokarlanar we 6,5%-den geçer” diýip, Li Baodun Hytaýyň kenarýaka Bao şäherinde BFA-nyň konferensiýasy boýunça geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

BFA-nyň Baş sekretary bu esasy görkezijiniň pandemiýadan soňky döwürde dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde oňyn üýtgeşmeleri görkezýändigini aýtdy.

Gündogaryň Dawosy diýlip tanalýan Boao forumy şu ýyl 18-nji aprelden 21-nji aprel aralygynda geçirilýär. Foruma 60-dan gowrak ýurtdan gelen 2 müňden gowrak wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Boaodaky Aziýa forumyna 60 ýurtdan 2 müň wekil gatnaşýar
Hytaýdaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 149 adama ýetdi
BAF Hytaýy dünýä birikdirýär
90 ýyllyk “La Liga”
Iň ýogyn agaç
Kiçi we arzan