Şu gün futbol janköýerleriniň aglabasynyň esasy üns merkezi futboldaky iň uly bäsdeşlik hasaplanýan “El Klasiko” duşuşygynda bolar. Ispaniýanyň çempionaty “La Liganyň” nobatdaky tapgyrynda “Barselona” öz meýdançasynda “Real Madridi” kabul eder. “Kamp Nouda” oýnaljak duşuşyk Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlanjak oýun “Türkmenistan sport” teleýaýlym arkaly göni efirde görkeziler.
Umumy resmi duşuşyklarda deňme-deňlik
Bu duşuşyk 2 toparyň arasyndaky 245-nji resmi duşuşyk bolar. Mundan öňki 244 oýunda iki klub hem 96 gezek ýeňiş gazandy. 52 oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Gollarda “Real Madrid” 405-399 öňde barýar.
“La Ligada” “Realyň” 1 ýeňşi köp
Diňe “La Liganyň” hasabatlaryna seredenimizde bolsa, şu günki oýun 181-nji “El Klasiko” bolar. Çempionatda “Real” 73, “Barselona” 72 gezek ýeňiş gazandy (35 deňlik). Mundan öňki 180 duşuşykda toparlaryň ikisi-de 288 gol geçirdi.
Ähli duşuşyklary (resmi, ýoldaşlyk...) hasaba alanyňda bolsa, 278-nji “El Klasiko” hökmünde taryha girer. Bu hasabata seretsek, “Barselona” ezeli bäsdeşinden öňde bolup, olar 115, “Real” bolsa 100 duşuşykda ýeňiş gazandy.
Iň köp çykyş eden Ramos, iň köp gol geçiren Messi
Bu gün şikesden saplanan “Realyň” kapitany Serhio Ramosyň meýdança çykmagyna garaşylýar. Bu onuň 45-nji “El Klasikosy” bolar we ol bu ugurda öz rekordyny ýene bir oýunlyk ösdürer.
Ramosdan soň 43 oýun bilen 2-nji ýerde barýan Lionel Messi “El Klasikolarda” iň köp gol geçiren futbolçydyr. Super ýyldyz 26 gol geçirip, beýleki bäsdeşlerinden ep-esli öňde barýar.
Iki toparyň arasyndaky ezeli bäsdeşlik 1902-nji ýylyň 13-nji maýynda “Barselonanyň” 3-1-lik ýeňşi bilen başlapdy. Olaryň arasyndaky soňky duşuşykda “Real” 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy.
Iki toparyň arasyndaky iň uly hasaply ýeňiş “Real Madride” degişli bolup, olar 1943-nji ýylda ezeli bäsdeşini 11-1 ýeňipdir. “Barselona” bolsa ezeli bäsdeşini 1950-nji ýylda 7-2 ýeňmegi başardy.
Duşuşygyň faworiti haýsy topar diýlen sowala-da, edil häzirki ýagdaýa seretsek, “Barselona” hem ýer eýesi hökmünde bir ädim öňde.Hem “La Ligada”, hem-de Çempionlar ligasynda alnan ýeňlişlere seretsek, “Real” üçin bu duşuşygyň kyn geçjekdigi ikuçsuzdyr. Ýöne hemişe 3 taraply bolýan “El Klasiko” “Realyň” tälimçisi Zidanyň soňky duşuşygy-da bolup biler, ýa-da ýeňiş gazanan ýagdaýda bolsa, häzirki başdan geçirýän şowsuz günleriniň soňy hem bolup biler.