Barselona Robert Lewandowskini tanyşdyrdy

Barselona Robert Lewandowskini tanyşdyrdy

Barselona klubuna täzelikde goşulan Robert Lewandowski katalon toparynyň futbolçysy hökmünde resmi taýdan tanyşdyryldy. Bu barada katalonlylaryň sosial sahypasynda habar berilýär.

Tanyşdyrylyş dabarasy Barselonanyň täze möwsüme taýýarlyk görýän ýeri bolan Maýamide (ABŞ) geçdi. 19-njy iýulda katalon klubunyň Lewandowskiniň transferini mälim edendigini ýatlalyň.Barselona Robert üçin Mýunheniň Bawariýasyna 45 mln ýewro töledi, ýene 5 mln ýewrony dürli bonuslar görnüşinde bermek göz öňünde tutuldy. 33 ýaşly Lewandowski katalonlylar bilen dört ýyllyk şertnama gol çekişdi. Şertnamanyň bir düzgünnamasyna laýyklykda polşaly futbolçynyň dänme haky 500 mln ýewrodan ybarat.

Ýene degişli makalalar

Barselona Lewandowskiniň tanyşdyrylyş dabarasyny näbelli möhlete süýşürdi
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)
ÝÇL-iň 1/8 final tapgyrynyň deslapky oýnunda Napoli Barselona bilen deň oýnady
Ýolagçylaryň taksilerde unudýan geň zatlary sanaldy