Beleleşikli telekeçilik üstünlige hemra

Bereketli Hojalyk jemgyýeti ýerli çig maldan, şol sanda guş etinden etli tagamly nygmatlaryň we ýarym fabrikatlaryň görnüşini artdyrdy. Ete niýetlenen towuklary ýetişdirmäge ýörüteleşen Nurly Meýdan daýhan hojalygy bilen towuk etini satyn almaga şertnama baglaşyldy.

Her aýda Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndan Bereketli HJ 50 tonna çenli guş eti getiriler. Şeýle möçberde guş etini ibermäge şertnama daşary ýurtlarda öndürilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek ugrunda üstünlikli işleýän ýerli iki telekeçilik düzümleriniň arasynda ilkinji gezek bagşalyldy.

Soňky ýyllarda Nurly Meýdan DH önümçilik kuwwatlyklaryny has giňeltdi we döwrebaplaşdyrdy. Hususan-da, telekeçiler guşlary ýetişdirmegiň we saklamagyň awtomatlaşdyrylan ulgamy bilen üpjün edilen ketekleri, uly möçberli inkubatory işe girizdiler, kombinirlenen iým zawodynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Her ýyl paýtagtymyzyň söwda nokatlaryna iberilýän towuk etiniň üçden bir bölegi Bereketde öndürilýär.

Guşçulyk hojalygynyň hyzmatdaşy Bereketli HJ 25 ýyldan gowrak wagt bäri ýokary hilli çig mal we tebigy goşundylary ulanyp, şöhlat önümlerini, etli tagamly nygmatlary hem-de ýarym fabrikatlary öndürmekde öňdeligi eýeleýär.

Ýeňillikli karzyň hasabyna Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurlan döwrebap kärhanada şöhlat önümleriniň onlarça görnüşiniň, et ýarym fabrikatlarynyň 20-den gowrak görnüşiniň önümçiligi özleşdirildi. Ýakyn wagtda telekeçiler önüm çykarylyşyny birnäçe esse artdyrmagy göz öňünde tutýarlar.

Ýene degişli makalalar

Bereketli Ulag HJ KAMAZ awtotehnikalaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny hödürleýär
Asuda akym HJ Şir Ýag motor ýaglaryny bir litrlik amatly gaplarda hödürleýär
HJ: Gender deňligi we ezilýän gelinleriň görülmedik görgüleri
Türkmenistanyň şäherlerinde telekeçiler we ýolbaşçylar üçin maliýe dolandyryşy boýunça seminarlar geçirilýär
HJ: Ýaşaýjylar Halk maslahatynda halkyň hal-ýagdaýynyň soralmaýandygyny aýdýarlar
HJ: Arhiwleriň açylmazlygy milli taryhyň dogruçyl öwrenilmegini çäklendirýär
HJ: Gazaply gyş’ gelýär; Türkmen maldarlarynyň gözgyny ýagdaýy’ saklanyp galýar