Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

2-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagytdan 100 kilometre golaý demirgazykda bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp, ýok etmek üçin niýetlenen toplumyň açylyş çäresinden soň, bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, onuň öň ýanynda Içeri işler ministrliginiň bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp, ýol etmek üçin niýetlenen täze toplumyny açyp, ulanmaga berdik diýip belledi. Milli Liderimiz bu ýerde türkmençilige gelişmeýän ýowuz bela bolan neşe serişdeleriniň 122,5 kilogramdan gowragynyň ýakylyp ýok edilendigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, neşe belasy, hakykatdan hem, ynsan saglygyna zyýan ýetirmekden başlap, adamzadyň, şol sanda türkmen iliniň genofonduna hem düýpli zeper ýetirýär. Şoňa görä-de, biz mundan beýläk hem bu ýowuz bela garşy berk göreş alyp bararys. Neşe ýaly ýowuz bela biziň aramyzda hiç haçan orun ýokdur.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol hasabat döwründe Ýaragly Güýçleriň harby düzümlerinde ýerine ýetirilen işler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň berjaý edilişi barada hasabat berdi.

Şonuň ýaly-da, gözegçiligindäki düzümleri iň täze tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada aýdyldy. Harby gulluga çagyrylyşy guramaçylykly geçirmek barada hem durlup geçildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, harby özgertmeleriň durmuş ugruna ünsi çekdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, ýurdumyzyň goranmak kuwwatynyň parahatçylygy berkitmäge, onuň howpsuzlygyny üpjün etmäge hyzmat edýändigini, çünki Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň goranmak häsiýetine eýedigini belledi.

Häzirki wagtda harby düzümlere gelip gowuşýan iň döwrebap ýerüsti we howa tehnikalary döwletimiziň harby edaralaryň işini kämilleşdirmek meseleleri babatyndaky aladasyny we ünsüni ýene bir gezek tassyklaýar. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow

Milli goşunyň hünärmenler bilen üpjün edilişini berkitmäge üns berilmelidigini, Goranmak ministrliginiň düzüm bölekleriniň ýolbaşçylarynyň harby gullukçylaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, düzgün-tertibi berjaý etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamalydygyny nygtady.

Içeri işler ministri M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän ministrliginde ýanwar-noýabr aýlarynda ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek we düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Ministr ýolbaşçylyk edýän edarasynyň şahsy düzüminiň adyndan döwlet Baştutanymyza IIM-niň işgärleri üçin Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş toplumynyň golaýda bolan açylyşyna gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, içeri işler edaralarynyň işini kämilleşdirmek babatdaky çäreleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekip, ýurdumyzda hukuk düzgün-tertibini üpjün etmegiň hem-de kanunçylygy ýokary derejede berjaý etmegiň meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm meseleleriň hatarynda ýollarda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça anyk we netijeli çäreleri durmuşa geçirmegi belledi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, ata Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramagy güýçlendirmek, gullugyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan yzygiderli işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Diýarymyzda parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we doganlygyň serhedi bolan Döwlet araçäginiň eldegrilmesizligini üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady. Milli Liderimiz harby gullukçylaryň söweşjeň, beden, syýasy taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň düzümlerini häzirki zaman tehniki serişdeler bilen üpjün etmäge aýratyn üns berilmelidigini nygtap, durmuş maksatly meseleleri hem yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hem-de on bir aýda kazyýet ulgamyny halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyk getirmek, işgärleriň netijeli zähmet çekmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde ilatyň arasynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hukuk medeniýetini ýokarlandyrmagyň ähmiýeti, ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeler barada düşündiriş işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini we ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça okuwlary yzygiderli guramak ilkinji nobatdaky wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okuwlary geçirmegiň möhüm talaplaryň biridigini belläp, bu babatda edaranyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew bu düzümiň degişli döwürde amala aşyran işleriniň jemleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça ýerine ýetirilen çäreler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň kadalaşdyryjy- hukuk namalarynyň berjaý edilişini seljermek barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem aýdyldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu düzüme kanunlaryň ýerine ýetirilişini üpjün etmekde we hukuk bozulmalarynyň islendik görnüşleriniň öňüni almakda möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy işgärleri ünsli saýlap almagyň zerurdygyny aýdyp, olaryň hünär bilimlerinden başga-da, giň dünýägaraýyşly bolmalydygyny we täze tehnologiýalara erk etmegi başarmalydygyny belledi.

Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet bu hukuk goraýjy düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de işgärleriniň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak babatynda yzygiderli alada edýär. Türkmenistanyň Prezidenti şu maksatlar bilen soňky ýyllarda döwrebap edara binalarynyň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulýandygyny aýdyp, bu ugurdaky işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew şu ýylyň geçen on bir aýynda ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýerine ýetirilen işler we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamalary amala aşyrmagyň aýrylmaz şerti bolan jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmekde alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, syýasy durnuklylygyň hem-de agzybirliginiň, halkymyzyň mizemez jebisliginiň, onuň parahat, döredijilikli zähmetiniň Diýarymyzyň düýpli özgertmeler ýolunda mundan beýläk-de üstünlikli öňe gitmeginiň möhüm şertidigini aýratyn belläp, ministre birnäça anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedow ýanwar-noýabr aýlarynda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik maksatlaryň we wezipeleriň depginli ýerine ýetirilişine ýardam etmäge gönükdirilen täze kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp düzmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunlary halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen hukuk özgertmeleriniň möhüm wezipelerine ünsi çekip, hereket edýän kanunçylyga yzygiderli seljerme geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz kabul edilýän kadalaşdyryjy resminamalaryň maksatlary we wezipeleri barada ilatyň arasynda geçirilýän düşündiriş işleriniň degerli derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, ministre anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow 2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň netijeli işini üpjün etmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň, hususan-da, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de birkemsiz gulluk etmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgama öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmak, ýaş ukyply hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly meseleleri ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz gullugyň ähli düzümleriniň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmalydygyny nygtap, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň on bir aýynda ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň degerli gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek babatynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu edaranyň işiniň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň çäklerinden geçýän üstaşyr-ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň degişli düzümleriniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz harby gullukçylary döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge hem-de olaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow geçen on bir aýda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, harby gullukçylaryň hem-de harby we hukuk goraýjy düzümleriň işgärleriniň durmuş meselelerini çözmek, Milli goşunymyzyň hünärmenler bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak babatynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi, Belent Serkerdebaşymyz Ýaragly Güýçleriň mundan beýläk-de ösdürilmegi babatyndaky meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin ähli düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz gözegçilik edýän düzümleriniň goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmegi, tabşyryklary öz wagtynda we birkemsiz ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň ähmiýetini belläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.03.2020 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.01.2021 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi.