Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewe Özbegistan Respublikasyndaky Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet Baştutany wezipesinde üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.