Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 122 kilogramdan gowrak neşe serişdeleri ýakyldy

Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 122 kilogramdan gowrak neşe serişdeleri ýakyldy

Şu gün 2-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Içer işler ministrligine degişli bolan neşe serişdelerini ýakmak üçin niýetlenen desga açyldy we ol ýerde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümleriniň 122 kilogramdan gowragyny ýakyp, ýok etmek çäresi boldy.

Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Soňra türkmen Lideri Döwlet howpsuzlyk geňeşiň göçme mejlisini geçip, onuň barşynda neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy aýgytly göreşi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, häzirki wagtda bu babatda netijeli çäreleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary derejede bellenilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
3 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Serdar Berdimuhamedow 3 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanda hokkeý boýunça halkara ýaryşa badalga berildi
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag iberdi