Berluskoniniň täze topary ilkinji gezek “Serie A”-da çykyş eder

Italiýanyň çempionaty “Serie A” dolanan 3-nji topar belli boldy. “Serie B”-niň pleý-off tapgyrynyň finalynda “Piza” toparyndan üstün çykan “Monza” kluby “Serie A”-nyň täze wekili hökmünde hasaba alyndy. “Milanyň” ozalky eýesi Silwio Berluskoniniň täze kluby bolan “Monza” topary finalda Piza topary bilen duşuşdy. “Monza” 26-njy maýda öz meýdançasyndaky duşuşykda 2-1 ýeňipdi (Mota 9, Gytkeýer 74 Berra 90+3).

Jogap oýnuň esasy wagty hem şol hasap bilen “Pizanyň” peýdasyna tamamlandy.Goşmaça wagtda 4-3 ýeňiş gazanan “Monza” taryhynda ilkinji gezek “Serie A”-da çykyş etmäge hukuk gazandy. 1912-nji ýylda esaslandyrylan klub “Serie B”-de 4-nji ýeri eýeläp, 3-nji orundaky “Piza” bilen pleý-off finalynda çykyş etmäge hukuk gazanypdy. “Monza” toparyna Jowanni Stroppa tälim berýär

“Serie B”-de 1-nji ýeri “Leççe”, 2-nji-de “Kremonese” topary eýeläpdi. “Leççe” 2, Lombardiýa welaýatynyň wekili “Kremonese” bolsa 26 ýyldan soň 8-nji gezek “Serie A”-da çykyş etmäge ygtyýar alypdy.

Ýene degişli makalalar

Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
Azmun “Serie A”-daky ilkinji goluny geçirdi
Günüň transfer täzelikleri
Ýewropada ýeňilmedik ýok
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
Atalanta A seriýada asyryň rekordyny täzeledi