Billstrem: "Türkiyäniň aladalaryny çözeris" diýdi

Billstrem: "Türkiyäniň aladalaryny çözeris" diýdi

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrem, Türkiye, Şwesiýa we Finlýandiýa tarapyndan baglaşylan üçtaraplaýyn memorandumyň çäginde ýurdunyň etjek ädimleri barada metbugata beýannama berdi.

Billstrem: "Madritde Türkiye, Şwesiýa we Finlýandiýanyň arasynda gol çekilen ylalaşyk ilkinji ädimdi" diýip belläp, ýurdunyň NATO agza bolanyndan soň ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklaryny giňeltmek isleýändiklerini beýan etdi.

Şwesiýada terror bilen baglanşykly konstitutsiýa üýtgeşmesiniň 1-nji ýanwarda güýje girjekdigini aýdan Billstrem: "Konstitutsiýanyň maddalaryny terror guramanyň düzümine goşulmak, goldaw ýygnamak ýa-da guramany güýçlendirmek ýaly hereketleri jenaýat hökmünde üýtgederis. 7-nji martda bolsa Mejslise hödürlejek kanun taslamasy bilen Şwesiýanyň Jenaýat Kanunynda täze bir jenaýat bölümini dörederis.

Territoriýamyzda terrorçylykly hereketleriň mahabatyny we propogandasyny etmek, baýdak götermek hem jenaýat hökmünde kabul ediler" diýip habar berdi.

Konstitutsiýanyň we kanunlaryň üýtgedilmegi bilen terror bilen baglanşykly Türkiýäniň ençeme aladasyny çözjekdiklerini aýdan Billstrem: "Türkiyäniň terroryň maliýeleşdirilmegi bilen baglanşykly aladalary bar. Şahsyýetleriň, Şwesiýanyň topragyny PKK ýaly terror guramalaryna goldaw ýygnamak üçin ulanýandygy barada aladalary bar. Olar şol kanun üýtgeşmeleri bilen has hem kynlaşar. Şol sebäpli kanunlary çykarýarys" diýip mälim etdi.

Türkiye 28-nji iýunda Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherindäki NATO sammitinde agza bolmak üçin ýüz tutan Finlýandiýany we Şwesiýany weto edýär. Terror guramalaryna açyk ýagdaýda goldaw berýän iki ýurt bilen protokola gol çeken Ankara, berilen sözleriň ýerine ýetirilmegine garaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistan, Hytaýyň Territorial Bitewiligine Goldaw Berýär
A PLENARY SESSION "THE ROLE OF NEUTRALITY IN STRENGTHENING PEACE AND SECURITY" WAS HELD AT IIR MFA OF TURKMENISTAN
Sportuň taryhynda şu gün 7-nji dekabr
15-nji sentýabr
Sportuň taryhynda şu gün 11-nji awgust