Birža täzelikleri

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 35-si baglaşyldy.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidro usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem Şotlandiýadan BAE-den we Owganystandan gelen işewürler Türkmengaz döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini, Gonkongyň we Şweýsariýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýa, BAE, Türkiýe, Gyrgyzystan, Özbegistan döwletleriniň işewür wekillerine reňksiz aýna, nah ýüplük, tekiz boýalan žakkard hem-de tüýjümek önümler, jinsi matasy satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 554 müň dollaryndan gowrak boldy.

Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ermenistanyň işewürleri umumy bahasy 13 million 413 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin umumy bahasy 232 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Dekabr 2023: TDHÇMB-daky eksport söwdalarynyň umumy möçberi $155 milliondan geçdi
TDHÇMB: Awgust aýynda söwdalar 207 million ABŞ dollaryndan geçdi
Türkmenistan 2024-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
Türkmenistan ECOSOC Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň 9-njy noýabrda Özbegistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri
Türkmenistanyň wekiliýeti YHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär