Birža täzelikleri

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Kipriň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, polipropileni, uçar kerosinini, nebit bitumyny dizel ýangyjyny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň täjirleri ECO-93 Türkmengaz döwlet konserninde öndürilen awtobenzini, Russiýanyň telekeçileri bolsa polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, gidroarassalanan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 31 million 236 müň dollaryndan gowrak boldy.

Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Ermenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 3 million 765 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 63 million 144 müň manatlykdan gowrak plastiki paddonlary, pagta-süýümini satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Dekabr 2023: TDHÇMB-daky eksport söwdalarynyň umumy möçberi $155 milliondan geçdi
Innowasiýa esaslanýan durnukly ösüşiň ekologiýa bilen sazlaşygy
Türkmenistan 2024-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
Türkmenistan ECOSOC Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň 9-njy noýabrda Özbegistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri
Türkmenistanyň wekiliýeti YHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär