Birža täzelikleri

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewürlerine dürli kysymly awtoulaglar, float aýnasy, nah ýüplük hem-de bakja önümleri ýerlenildi.Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 15 million 937 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 1 million 800 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
TDHÇMB: BAE-niň işewürleri $26,95 millionlyk karbamid satyn aldylar
Birža söwdalarynda 16 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda “B” kysymly karbamid uly islegden peýdalandy
TDHÇMB-da sişenbe güni eksport geleşikleri $38,2 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda 44 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy