“Biz Türkiýe Hökmünde Meýilnama Oňyn Garaýarys”

“Biz Türkiýe Hökmünde Meýilnama Oňyn Garaýarys”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly iş sapary bilen Türkiýä gelen Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy.

Iki kärdeş paýtagt Ankarada Prezidentiň kompleksinde bolan duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Ukrainadan we Russiýadan dünýä ýurtlaryna eksport ediljek hatyrlaryň öňündäki bökdençlikler hakynda Lawrow bilen pikir alyşandyklaryny aýdan Çawuşogly, Ukrainadaky gallanyň halkara bazarlara ýetirilmegi üçin dürli pikirleriň orta atylandygyny we BMG-nyň bu mesele boýunça meýilnamasynyň bardygyny belledi.

Çawuşogly “Meýilnama BMG-nyň, Russiýanyň, Ukrainanyň we Türkiýäniň arasynda dörediljek mehanizmi we hyzmatdaşlygy öz içine alýar. Meýilnama bugdaý koridory üçin gämileriň barlagdan geçirilmegini hem öz içine alýar. Biz Türkiýe hökmünde meýilnama oňyn garaýarys” diýdi.

Meýilnamanyň Russiýa we Ukraina tarapyndan kabul edilmelidigini ýatladan Çawuşogly “BMG-na meseläniň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin Stambulda maslahatyň geçirilmegini teklip etdik” diýdi.

Ukrainadaky gallanyň we mekgejöwen ýagynyň halkara bazarlara ýetirilmeginiň öwezinde Russiýanyň, eksportuň öňündäki bökdençlikleriň ortadan aýrylmagy baradaky talabyna Türkiýe hökmünde oňyn garaýandyklaryny nygtan Çawuşogly “Bu meselede Russiýanyň eksport edýän gallasynyň we döküniniň sanksiýalara degişli däldigini nygtamak ýeterlik däl. Şol önümleri daşajak gämiler, logistiki meseleler, gämileriň portlara gelmegi, beriljek hyzmatlar we tölegler ýaly meseleleriň çözülmegi üçin hem degişli çäreleriň görülmelidigi barada pikir edýäris” diýip belledi.

Çawuşogly, gämileriň howpsyz ýagdaýda saparlaryny dowam etdirmegi üçin görüljek çäreleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň peýdaly boljakdygyny nygtady.

Ministr Çawuşogly 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin gepleşikleriň ýaňadandan başlamagy meselesinde oňyn atmosferanyň bardygyny belledi.

Siriýanyň demirgazygyna guraljak operasiýa hakynda hem durup geçen Daşary işler ministri “Hem Siriýanyň bitewiligine hem-de bize howp abandyrýan terror guramalary şol ýurtdan saplanma” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Garadeňiz koridory meselesinde “Türk dostlarymyzyň edýän tagallasyna uly ähmiýet berýäris. Ukraina mina saplaýyş işlerini geçirmäge taýar bolsa biz hem taýar” diýdi.

Lawrow, türk dostlarymyzyň, daşarky güýçler tarapyndan Siriýa serhedine abanýan howplar meselesindäki aladasyna düşünýäris. ABŞ Siriýada käbir guramalara goldaw berýär” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar