BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurluşyk meseleleri boýunça departamentiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

15-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurluşyk meseleleri boýunça departamentiniň wekili Swetlana Galkina bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler.Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýene bir doly özleşdirilmedik ugurlaryň biri saýlaw proseslerini ýokary derejä ýetirmegi üpjün etmek we saýlawlary geçirmäge ýardam etmek bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurluşyk meseleleri boýunça departamenti bilen hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmaga taýýarlygy beýan edildi.

Hukuk binýadyny kämilleşdirmek we halkara kadalaryny, ülňüleri we usullary öwrenmek we uýgunlaşdyrmak esasynda milli saýlaw institutlaryny mundan beýläk hem güýçlendirmek boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, çäklendirilen mümkinçilikli adamlar üçin ses bermäge doly elýeterliligi üpjün etmek boýunça dowamly we täsirli saýlaw tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly tejribe alyşmak barada aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Seslenme: Özbek azlyklary özleriniň ene dillerinde bilim almaga hyjuwlanýar
Türkmenistan Bütindünýä poçta birleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň täze orunbasarlaryny belledi
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
11-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Ženewada Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilişine Ählumumy döwürleýin syn berler