BMG-nyň Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň 69-nji mejlisine sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyldy

BMG-nyň Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň 69-nji mejlisine sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyldy

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň 69-njy mejlisine sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlise Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammmetgeldi Serdarowyň ýolbaşçylygynda Ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň hem-de Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Merjlisde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow sanly wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etdi.

Mejlisiň çäklerinde, ýokary derejeli segment: Aýlawly (circular) ykdysadyýeti we Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň sebitinde tebigy baýlyklardan durnukly peýdalanmagy höweslendirmek mowzugy boýunça özara pikir alyşyldy.

Mejlisiň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

Ýene degişli makalalar

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
Serdar Berdimuhamedow iki sany wise-premýeri täzeledi we täze maliýe ministrini wezipä belledi, Türkmenistan Türkiýä goşmaça ynsanperwer kömegini iberdi, Türkmenistanyň iň gowy etraby $1 mln möçberinde pul baýragyny alar we beýleki habarlar
Türkmenistanda iki hökümet agzasy we maliýe ýolbaşçysy çalyşdy  
Belgiýanyň žurnaly ýewropaly okyjylara Türkmenistanyň gazananlary barada gürrüň berdi
OGT 2022: 2-nji gün — Gaz himiýasy, wodorod ýangyjy we arassa energiýa
Türkmenistanda dolandyryş-çäk gurluşyna üýtgeşmeler giriziler, Aşgabatda halkara nebitgaz forumy geçiriler, Hazara gülgüne flamingolar gyşlamak üçin uçup geldiler
Türkmenistanyň oba ýerlerinde 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy